• en
  • ru
  • tm

Macroscop-yň resmi hyzmatdaşy

  Macroscop we «Dogrulyk» ylalaşyga gol çekdiler. 

Martyň aýynyň başyna “Dogrulyk” kompaniýasy Macroscop kompaniýasyny öz hyzmadaşlarynyň sanawyna goşmaklyk hakyndaky karara geldi. Gelinen karary uzaga goýman, “Dogrulyk” rusiýanyň innowasion kompaniýasy bolan Macroscop bilen hyzmatdaşlyk barada ylalasyk baglanşdy.

Bu hyzmatdaşlygyň esasynda, biz öz müşderilermize akylly amally wideoanaliz, Macroscop kompaniýasynyň ulgamlaýyn (NVR) wideioregistrator programma üpjünçüligini hodürlemek mümkinçiligini gazandyk.

Macroscop – bu çalt depgin bilen ösýän rusiýanyň ýokarytehnologiýa kompaniýasy bolup, ol 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Macroscop –yň täze taslamalary wideoyzarlamalaryň esasynda alynýan uly moçberdäki maglumatlary analiz etmek bilen bagly kynçylyklary çözýär. Macroscop-yň dolandyrmagynda 23 000 wideoulgamda 300 000 IP-kamera işleýär.