• en
  • ru
  • tm

CAME

CAME – 40 ÝYLDAN GOWRAK AWTOMATLAŞDYRMA DÜNÝÄSINDE

CAME şereketi 1972-nji ýyldan bäşlap giriş, garaž we senagat derwezeleri, awtoulag duralgalary we giriş gözegçiligi ulgamlary üçin awtomatikalaryň dürli görnüşlerini öndürip, “akylly öý” we gorag signalizasiýanyň öümçiligi bilen hem meşgullanýar. Bu günki gün CAME GROUP 118 döwletiň bazarlarynda çykyş edýär.

CAME elmydama innowasion çözgütleriň gözlegine we täze ýöriteleşme pudaklaryny özleşdirmeklige gönükdirilendir. Şereket awtomatikanyň, gorag ulgamlarynyň we öý awtomatlaşdyrma ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýan öýüň global dolandyrylyşynyň pudagyndaky ýeke-täk nou-hau tilsimatlarynyň eýesi bolup durýar. Köpçülik ýerlerinde girişleri awtomatlaşdyrmak pudagynda CAME şereketi ýolagçy we awtoulag akymlaryny dolandyrmak üçin toplumlaýyn çözgütleri hödür edip bilýär.

Came-партнер

Öndürilýän önümleriniň uniwersallygy we çeýeligi sebäpli, CAME şereketi derwezeleriň ýönekeý awtomatikadan has öňddebaryjy we global awtomatlaşdyrma konsepsiýasyna geçmekligi başardy. Bu çemeleşme diňe bir öýüň içinde we daşynda däl-de, eýsem şäheriň köpçülik ýerleriniň geriminde ähli awtomatlaşdyrlan enjamlaryň işleýşini sazlamaga mümkinçilik berýär. CAME şereketiniň islendik önümi, paýhasly çözgütler we rahatlyk duýgusy bilen gurnalan, päsgelçiliklerden erkin bolan ýaşaýyş hilini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanylýar. Önümeriň taslamasyny işläp taýýarlamak prosessinde ýaşuly adamlaryň we mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň zerurlyklary doly derejede göz öňünde tutulýar.

CAME öz önümlerini diňe Italiýada işläp taýýarlaýar we öndürýär – 100% Made in Italy.

CAME şereketi we onuň tilsimatlary hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.camerussia.com