• en
  • ru
  • tm

GORAG SIGNALIZASIÝA ULGAMLARY

Сигнализация

Gorag signalizasiýasynyň gurnalmagy – bu, desgalaryň, önümçilik binalarynyň, ofisleriň, ýaşaýyş jaýlaryň, hususy öýleriň, şeýle-de olara ýanaşýan territoriýalaryň we perimetriň goragyny amala aşyrýan tehniki serişdeleri ulanmak arkaly amala aşyrýan çäreler toplumydyr.

«DOGRULYK HJ» dürli çylşyrymlylyk derejesi bolan desgalarda gorag signalizasyny gurnamak boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan maddy we tehniki binýady we uly tejribeli işgärleri bar. Biz siziň üçin, kesgitli bir desga üçin laýyk gelýän, optiki we elektron, simli we tolkunly, elektromehaniki, magnitometriki we ş.m. enjamlary saýlap alarys.

Dünýä öndürijileriniň döwrebap enjamlaryndan peýdalanmaklyk, «DOGRULYK HJ» hünärmenleri tarapyndan gorag signalizasiýa ulgamlarynyň uly hünärmenlik bilen gurnalmagy we sazlanylmagy ulgamyň ýalňyş işledilmeginiň ähtimallygyny peselder, gerek bolan ýagdaýda bolsa, girişi dolandyrmak we gözegçilik etmek ulgamlary bilen integrasiýa geçirmäge hem mümkinçilik berer.

Günüň wagtyna ýa-da howa şertlerine garamazdan, biziň gorag signalizasiýa ulgamymyz şu aşakdakylary üpjün eder:
  • desgalaryň, işgärleriň, gelýän adamlaryň howpsuzlygy we emlägiň abatlylygy;
  • saklawhana toplumynyň howpsuzlygy;
  • howpsuzlyk işgärleriniň sanynyň azaldylmagy;
  • howp signalynyň öz wagtynda IIM-niň pultyna ýa-da gorag gullugynyň hususy pultyna geçirilmegi;
  • wideo gözegçilik, ýangyn signalizasiýa ulgamlary, gözegçilik we ygtyýarlygy dolandyrmak boýunça ulgamy bilen integrirlemek mümkinçiligi.

“DOGRULYJ HJ” işläp taýýarlan taslamalary diňe bir adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrman, eýsem jemgyýetiň howpsuzlyk üpjünçiligine öz goşantlaryny goşýarlar.
Biz ynama mynasypdyrys!

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]