2015-nji ýylyň awgust aýynyň 18-i
MÜŞDERI

Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky Дайханбанк_1

MESELE
TDTB “Daýhanbank” ýurdumyzda iň ösen, ýüzden gowrak şahamçalardan ybarat bolan şahamçalar toplumyna eýedir. Ol diňe bir bazaryň döwrebap tendensiýalary bilen aýakdaş gadam basmak bilen çäklenmän, eýsem, tiz depginlik bilen üýtgäp durýan tilsimatlardan we müşderileriň isleglerinden ynamly baş çykaryp, olardan öňe hem geçýär. Islendik abraýly banklarda bolşy ýaly, bu ýerde hem müşderileriň we olaryň serişdeleriniň howpsuzlygyna uly üns berilýär. Bankyň düzüm bölümçelerinde, öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlarynda, ofislerinde, saklawhanalarda, bankomatlarda we ş.m. binalarda döwrebap howpsuzlyk ulgamlary ornaşdyrylandyr. Wideo gözegçilik enjamlary saýlananda, TDTB “Daýhanbank” özüniň esasy maksatlary hökmünde şulary belledi:
  • gurnalan ulgamlara uzakdan giriş gurnamak;
  • bankyň pretenzion işini oňaýlaşdyrmak;
  • merkezleşdirilen ýeke-täk gözegçilik pultyny gurnamak.
ÇÖZGÜT

Bellenilen meseleleri çözmek üçin TDTB “Daýhanbank” HIKVISION şereketiniň enjamlaryny saýlady.

NETIJE

Ýeke-täk merkezleşdirilen pultyň üsti bilen bankyň binasynyň içinde we oňa ýanaşýan territoriýalarda, şeýle hem öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlarda (bankomatlar) wideo gözegçilik ýerine ýetirilip, tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.

Bu günki gün TDTB “Daýhanbank” howpsuzlyk ulgamy dolulygyna gurnaldy, bankyň binasynyň içinde we ýanaşýan territoriýalarda gözegçilik ýerine ýetirilýär, tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.

Öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlarda (bankomatlar) ýerli wideo gözegçilik ulgamlarynyň gurnalmagy hem birinji nobatdaky meseleleriň biri bolup durýardy.

Ýeke-täk merkezleşdirilen gözegçilik pultuny döretmek meselesi, diňe bir öz-özüňe hyzmat bermek üçin enjamlary däl-de, eýsem, bankyň ofislerini hem umumy ulgama baglamak zerurlygy bilen ýüze çykdy. Häzirki wagtda, bankyň öz bölümleri (100-den gowrak osifleri) we bankomatlar (1000 golaý) hem wideo gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.