• en
  • ru
  • tm

Gurnama

Услуги_Монтаж-ост.jpg

Howpsuzlyk ulgamynyň taslamasyny taýýarlamagyň hilinden başga, onuň işine geçirilen gurnama işleriniň hili hem täsir edýär. «DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri islendik howpsuzlyk ulgamlarynyň gurnama işlerini öndürijiniň ähli talaplaryna we müşderiniň isleglerine, şeýle hem kesgitlenilen döwlet we korporatiw kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda ýerine ýetirerler. Biz howpsuzlyk ulgamlaryny hem öz iş taslamalarymyz boýunça, hem beýleki taslama taýýarlaýjylar tarapyndan taýýarlanylan resminamalara görä gurnap bileris.

Gurnama işine başlamazdan ozal «DOGRULYK HJ» şereketiniň jogapkär işgäri müşderi bilen iş tertibini ylalaşýar we ony iş buýrujynyň degişli bölümleri we bölümçeleri, ýagny, howpsuzlyk gullugy, baş energetik, ulgam administratory, gorag bölümi we ş.m. bilen sazlaýar. Gurnama işleri bolsa, desganyň işgärlerine we gelýän müşderilere päsgel bermez ýaly, şeýle hem müşderimiziň şereketiniň işine täsir etmez ýaly ýerine ýetirilýär.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň işgärler toparlarynda ähli gerek bolan ýöriteleşdirilen enjamlar we gurallar bar bolup, olar howpzulyk ulgamlarynyň islendik görnüşiniň (adaty, çylşyrymly ýa-da belentlik) gurnama işlerini ýerine ýetirmäge taýýardyrlar. Biziň tehniki hünärmenlerimiz ýokary tehniki bilimli bolup, gönüden-göni öndüriji firmalarda okuw geçýärler we AXIS (wideo gözegçilik) we TYCO (kabel ulgamlary) ýaly dünýä belli şereketleriň şahadatnamalaryna eýedirler. Hünärmen gurnama işgärlerimiziň uly iş tejribesi bolup, olar işini tiz ýerine ýetirýär we oňa uly jogapkärçilik bilen çemeleşýär.

Iş tejribämiziň dowamynda hiç bir müşderimiz howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak boýunça ýerine ýetirilen işlere şikaýat etmedi. Biz öz hünärmenlerimiziň işine doly ynanyp, howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak boýunça ähli işlerimize 3 ýyla çenli kepillik berýäris.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]