• en
  • ru
  • tm

Çözgütler

HOWPSUZ ŞÄHER

“Howpsuz şäher” – bu iň döwrebäp meýilnama we enjam serişdeleriniň, telekommunikasion tilsimatlarynyň we maglumat derňeýiş çözgütleriniň toplumy bolup, ol döwrebap şäheriň ilatynyň we infragurluşynyň hut häzirki wagtda howpsuzlygyny we wideo goragyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMLARY

Wideo gözegçilik ulgamlary – bu hem iri senagat kärhanalarynda, söwda merkezlerinde, şereketleriň ofislerinde, hem siziň öýüňizde ýa-da şäheriň daşyndaky jaýyňyzda howpsuzlygy üpjün etmegiň iň amatly usulydyr.

GIRIŞI DOLANDYRMAK WE GÖZEGÇILIK ETMEK ULGAMLARY

Girişiň dolandyrylyşynyň döwrebap gözegçilik ulgamlaryndan peýdalanmak, keseki şahslaryň ýa-da ulaglaryň goralýan territoriýa rugsatsyz giriş synanyşyklarynyň öňüni almakda siziň kepilligiňiz bolup durýar.

GORAG SIGNALIZASIÝA ULGAMLARY

Gorag signalizasiýa ulgamlary goralýan desgalaryň, meýdanlaryň ýa-da perimetrleriň ygtybarly goragyny üpjün eder we howply ýagdaý, rugsatsyz giriş ýa-da islenilmeýän hereketler barada öz wagtynda habar berer.

ÝANGYN WE GORAG SIGNALIZASIÝASY

Häzirki wagtda ýangyn we gorag signalizasiýasynyň gurnalmagy täjirçilik we önümçilik binalarynda, şeýle hem hususy desgalarda howpsuzlyk üpjünçiliginiň hökmany düzüm bölegi bolup durýar. Bu ulgam öz wagtynda ýangyn barada habar berip, diňe bir siziň emlägiňizi goraman, eýsem adamlaryň janyny we saglygyny halas etmäge ýardam berer.

SESLI HABAR BERIŞ ULGAMLARY

Döwrebap howpsuzlyk ulgamlarynda sesli habar beriş ulgamlary möhüm ýeri eýeleýär. Olaryň esasy maksady - binanyň içindäki adamlara adatdan daşary ýagdaýlar barada öz wagtynda habar bermek we olaryň guramaçylykly halas edilmegini (ewakuasiýasyny) dolandyrmak.

ULAG DURALGALARYNY AWTOMATLAŞDYRMAK ÜÇIN ENJAMLAŞDYRYLYŞ

Ulag duralgalaryny awtomatlaşdyrmak üçin enjamlaşdyrylyş ulaglaryň ulag duralgalaryna girişine we çykyşyna netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berer, howpsuzlygy şeýle-de duralga hyzmatlaryndan peýdalanmagyň amatlygyny düýpli ýokarlandyrar.

OFIS ARAGATNAŞYGY, IP-TELEFONIÝA

IP-tilsimatlary esasynda gurnalan telefon aragatnyşygy, hem kiçi ofisler üçin, hem orta we iri şereketleriň şahamçalarynyň we beýleki düzüm bölümçeleriniň arasynda aragatnaşygy gurnamagyň kämil çözgüdi bolup durýar. Onuň esasy bähbidi - telefon aragatnaşygynyň nyrhyny agramly derejede azaldýanlygydyr.

QMATIC ELEKTRON NOBAT ULGAMLARY

QMATIC elektron nobat ulgamlary – bu täjirçilik we döwlet edaralarynda müşderileriň akymlaryny dolandyrmak, nobatlara gözegçilik etmek, hyzmatlary gurnamak hem-de gelýän adamlary (müşderileri, hyzmatdan peýdalanýanlary) paýlamak üçin niýetlenen meýilnama we enjam toplumydyr.