“Dogrulyk” kompaniýasy öz işgärleriniň sport ruhuny ösdürmek we olaryň toparda agzybir işlemegini güýçlendirmek boýunça işleri alyp barýar.
2019-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda – dynç alyş güni sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini goldamak üçin komapniýa hemaýatkär hökmünde gatnaşyp, öz sport toparynyň Petank boýunça ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etdi.
Petank – Prowansyň milli sport görnüşi bolup, gadymy oýundyr, häzirki wagtda ol bütin dünýäde giňden ösdürilýär. Petank sportyň doly mazmunly görnüşidir, ol boýunça dünýäniň we Ýewropanyň çempionatlary geçirilýär.
Petank oýny ýörite başarnyklary ýa-da aýratyn fiziki güýjüň ulanmagyny talap etmeýär hem-de korporatiw bäsleşikleri üçin diýseň amatly oýundyr.
Petank oýnuny geçirmek üçin meýdança hökmünde “Bouygues” gurluşyk kompaniýasynyň ýaşaýyş hojalygy ulanyldy, bu ýerde meýdançanyň çägeli bolmagy we ölçegleri oýny geçirmek üçin ähli talaplara we düzgünlere jogap berýärdi.
Sportyň şu görnşi bilen gyzyklanmak toplarda agzybir işlemek üçin uly höwesi döredýär, munuň özi bolsa kompaniýanyň işgärleriniň sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerine endiklerini kemala getirýär.