Biziň kompaniýamyz COFEM, S.A. (Ispaniýa) kompaniýasy tarapyndan Distribýutorlar we Instalýatorlar şahadatnamasyny aldy. COFEM, S.A. kompaniýasy 1973-nji ýylda esaslandyryldy we ýangyn we ýangyn duýduryşyny ýüze çykarmak ulgamlarynda 40 ýyldan köp iş tejribä eýedir.
COFEM, S.A. ýangyn duýduryşynyň salgy ulgamlary üçin professional enjamlarynyň önümçiligine ýöriteleşdirlendir, ýewropa derejesiniň ähli ülňülerine we düzgünlerine laýyk gelýän bäsleşige ukyply we ýokary tehnologik önümi hödürleýär, bu bolsa oňa öz önümini dünýäniň 50 – den gowrak ýurduna üstünlikli eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Siz bu brendiň önüminiň ähli ugurlaryny we ýöriteleşdirlen çözgütlerini bizden satyn alyp bilersiňiz. Biziň kompaniýamyz konseptual çözgüdi – taslamalaşdyrmagy, enjamy üpjün etmegi, gurnama we herekete getiriji işleri, ulgamlaryň mundan beýläkki serwis hyzmatyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäni hödürleýär.
“Dogrulyk” HJ kärhanasynyň hünärmenleri şu şahadatnamany almak üçin Barselonada COFEM, S.A. zawodynda ýörite bilim aldylar, zerur bolan kwalifikasiýa eýe boldular we Türkmenistanyň bazarynda müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin öz bilimlerini lezzet bilen peýdalanmaga taýýar.