• en
  • ru
  • tm

Taslamany işläp taýýarlamak

Услуги_Проектирвоание-4

Howpsuzlyk ulgamlarynyň taslamasyny işläp taýýarlamaklyga bolan hünärmen çemeleşme – bu onuň üstünlikli girizilmeginiň (gurnalmagynyň, enjamlaşdyrylyşyň gurnalmagynyň, işe goýberilmeginiň) esasy we ygtybarly hem-de ýokary hilli işiniň kepilidir. «DOGRULYK HJ» şereketi bu işe diňe bu çygyrda uly tejribesi bolan hünärmenleri çekýär. Bu bize islendik çylşyrymlylyk derejeli taslamalary, şeýle hem integrirlenen howpsuzlyk ulgamlarynyň ýeke-täk taslamalaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň bilen bir wagtda, biz müşderiniň hile bolan talaplaryny doly göz öňünde tutup, kesgitli maksatlar üçin doly laýyk gelýän enjamlary saýlamak bilen artykmaç çykdajylaryň öňüni alýarys.

TASLAMANY TAÝÝARLAMAGYŇ TAPGYRLARY

I-nji tapgyr. Howpsuzlyk ulgamynyň eskiz taslamasynyň taýýarlanylmagy

«DOGRULYK HJ» şereketiniň inženerleri desganyň resminamalaryny, müşderiniň tehniki tabşyrygynyň şertlerini we desganyň taslamadan öňki barlagyny geçiren hünärmenlerimiziň maslahatlaryny, şeýle hem müşderiniň goşmaça talaplaryny we isleglerini derňeýärler. Bu maglumatlaryň esasynda, howpsuzlyk ulgamlarynyň birnäçe tipologiýalarynyň, enjamlaşdyrylyşyň dürli görnüşleriniň, elektrik üpjünçilik meselesiniň dürli çözgütleriniň ulanylmagyny, awtomatlaşdyrma derejesiniň saýlanylmagyny we gerek bolan meýilnama üpjünçiliginiň seçilip alynmagyny teklip edýän howpsuzlyk ulgamynyň birnäçe eskiz taslamalary taýýarlanylýar. Müşderi eskiz taslamalarynyň görnüşleri bilen tanyşdyrylýar, her bir görnüş boýunça giňişleýin düşündirişler berilýär we olaryň takmynan bahalary delillendirilýär. Bu tanyşlygyň esasynda müşderi geljekki taslamanyň iň amatly görnüşini saýlaýar (ýa-da öz tekliplerini girizýär) we tehniki tabşyrygy kesgitleýär. Eskiz taslamasy – bu desganyň geljekki howpsuzlyk ulgamynyň esasydyr, ol kämilleşdirme mümkinçiliklerini we geljekde tehniki serişdeleriň integrasiýasyny kesgitleýär.

II-nji tapgyr. Howpsuzlyk ulgamynyň tehniki taslamasynyň taýýarlanylmagy

Eskiz taslamanyň esasynda «DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri, geljekki howpsuzlyk ulgamynyň tehniki resminamalaryny, desganyň ähli aýratynlyklaryny nazara alýan çyzgylary we spesifikasiýary, şeýle hem taslamanyň düşündiriş hatyny öz içine alýan jikme-jik tehniki taslamasyny taýýarlaýarlar. Şeýlelik bilen, müşderä gurnama işlerini başlamak üçin gerek bolan doly resminama ýygyndysy berilýär.

III-nji tapgyr. Howpsuzlyk ulgamynyň iş taslamasynyň taýýarlanylmagy

Iş taslamasy taýýarlanylan taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň şertlerini kesgitleýär. Ol jemleýji smetanyň taýýarlanmagyny, ulgamy gurnamak we işletmek boýuça işleriň möhletini, şeýle hem taslamany durmuşa geçirmek üçin gerek bolan çäreleri (dürli tehniki we gurluşyk gulluklarynyň işleriniň ylalaşdyrylmagy, potratçylaryň hereketleriniň sazlaşygy, döwlet we ýerli dolandyryş edaralaryndan ygtýarnamalaryny almak zerurlygy we ş.m.) göz öňünde tutýar. Biziň hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanylan taslamalar müşderiniň şahsy islegleriniň we mümkinçilikleriniň jikme-jik işlenilmegi we nazara alynmagy bilen tapawutlanyp, iş buýrujylarynyň aglabasy tarapyndan öz “howpsuzlyk standartlarynda” ulanylýar. Biz howpsuzlyk ulgamlarynyň iş taslamalaryny diňe, bu taslama biziň şereketimiz tarapyndan ýerine ýetiriljek ýagdaýynda taýýarlaýarys.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]