• en
  • ru
  • tm

Tehniki hyzmat

Услуги_Обслуживание

Howpsuzlyk ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we reglament işleri – bu gorag bölüminiň tehniki serişdeleriniň işe ýaramlylygyny goldamaga gönükdirilen profilaktiki çäreleriniň ulgamydyr. «DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri tarapyndan, hem şereketimiz, hem beýleki taslama we gurnama edaralary tarapyndan gurnalan howpsuzlyk ulgamlarynyň idegi (reglament işleri) amala aşyrylýar.

Biziň inženerlerimiz enjamlaryň idegini, enjamlaryň öndürijileriniň we meýilnama üpjünçiliginiň maslahatlaryna esaslanan, şeýle-de tehniki serişdeleri işletmek boýunça gollanmalara görä kesgitlenilen usulyýetler boýunça geçirýärler. Barlag, sazlama we profilaktika işleri ýörite tehnologiki kartalara görä amala aşyrylýar. Käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, ýangyn söndürme serişdeleri üçin, reglament işleriniň ýerine ýetirilişi Türkmenistanyň kanunçylyk resminamalarynda we kadalaşdyryjy aktlarynda bellenilendir.

Reglament işleri tamamlanandan soňra, «DOGRULYK HJ» şereketiniň işgäri howpsuzlyk ulgamy üçin ýerine ýetirilen tehniki hyzmatlar boýunça geçirilen işlere, ýüze çykarylan kemçiliklere we amala aşyrylan enjam çalyşmalaryna degişli maglumatlary ýörite reglament işleriniň we tehniki enjamyň pasportynyň hasabaty ýöredilýän dergä girizýär. Howpsuzlyk ulgamynyň reglament idegini geçirmek bilen, biz enjamyň dogry işleýşi boýunça ähli jogapkärçiligi öz üstümize alýarys.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň tarapyndan hyzmat idegi we reglament işlerini geçirmek hakyndaky şertnama gol çekilen ýagdaýynda, biz müşderiniň desgasyndaky howpsuzlyk ulgamynyň profilaktika işlerini, tehniki serişdeleriň her biri üçin kesgitlenilen möhletde geçirmeklik boýunça jogapkärçiligi öz üstümize alýarys. Biziň müşderilerimize reglament işleriniň öz wagtynda geçirilmelidigi hakynda alada etmäge zerurlygy ýokdur – biziň hünärmenlerimiz ähli howpsuzlyk ulgamlarynyň hasabatyny ýöredýärler we bellenilen wagtda, goşmaça ýatlamasyz, olaryň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrýarlar.

Mundan başga-da, biz öz hyzmat merkezimizde howpsuzlyk ulgamlarynyň abatlaýyş işlerini hem ýerine ýetirýäris. Hyzmat merkezimiz ş.Aşgabat, Andalyp köç. 78/1, AB Merkezi (tel: (+993 12) 47-30-18, (+993 60) 20-98-28) salgysy boýunça ýerleşýändir.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]