• en
  • ru
  • tm

Biz hakynda

Директор Кретов Максим_2

Kretow Maksim

Müdir
Технический директор Еренков Константин

Ýerenkow Konstantin

Tehniki müdir
IMG_4687

Bespalow Aleksandr

Baş inžener
Начальник отдела внедрения Беспалов Виктор

Bespalow Wiktor

Gurnama bölüminiň başlygy
Начальник сервисного центра Зверьков Игорь

Zwerkow Igor

Tehniki ideg merkeziniň başlygy
Пректировщик (автокад) Терехов Сергей

Terehow Sergeý

Taslamaçy (Autocad)
IMG_4669

Ismailowa Naýlýa

Hasapçy
IMG_4667

Aziza Mamedova

Hasapçynyň kömekçisi
IMG_4672

Jemal Atayeva

Ofis dolandyryjysy
IMG_4720
“DOGRULYK” HJ-niň işgärleri
IMG_4712
“DOGRULYK” HJ-niň işgärler topary
IMG_4700

Ýakunin Pawel

Ambar müdiri
IMG_4691
Qmatic enjamlaşdyrylyşy synag etmek
IMG_4681
Ulgamyň hünärmen taslanylyşy onuň netijeli işleýşiniň girewidir
  «DOGRULYK HJ» bu – telekeçiler bileleşigi, ýokary tehniki bilimi hem-de AXIS (wideo gözegçilik) we TYCO (kabel ulgamlary) ýaly howpsuzlyk ulgamlary bazarynyň öňdebaryjy şereketleri tarapyndan berlen şahadatnamalaryna eýe bolan, gorag maksatly, senagat we ýörite elektron ulgamlaryny işläp taýýarlamakda we olary gurnamakda köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenler tarapyndan döredilen hojalyk jemgyýetidir. Bu günki günde, «DOGRULYK HJ» Türkmenistanyň çäginde wideo gözegçilik gorag ulgamlaryna, giriş gözegçiligi, gorag we ýangyn signalizasiýa ulgamlaryna gurnalýan enjamlaşdyrylyş we gurluşlar bilen işleýän öňdebaryjy operatory we distribýutory bolup durýar. Biziň edaramyzda, desgalarda howpsuzlyk ulgamlaryny we wideo gözegçiligini gurnamak boýunça global meseleleri çözmek üçin ýokary hünärmen inžener-tehniki we iş güýjüni jemlemek mümkinçiligi bardyr. Şereketimiz, iri hökümet edarasy, gurluşyk şereketi, korporatiw müşderi ýa-da fiziki şahs ýaly aýry-aýry müşderiniň isleglerini doly derejede göz öňünde tutmak bilen “açaryny towlaýmaly edip tabşyrylýan” iň amatly çözgütleri saýlap alýar. «DOGRULYK HJ» gorag enjamlaryny we wideo gözegçilik ulgamlaryny öndürýän dünýäniň öňdebaryjy şereketleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu günki gün biz, howpsuzlyk we wideo gözegçilik ulgamlaryny işläp taýýarlamak çygrynda dünýä belli Axis Communications (Şwesiýa) markasynyň ygtyýarlandyrylan wekili bolup durýarys. Mundan başga-da, biz Ýewropa, ABŞ, Koreýa, Hytaý we GDA döwletleriniň birnäçesiniň wideo gözegçilik we howpsuzlyk ulgamlarynyň öndürijileri we üpjün edijileri bilen ýakyndan işleşýäris. Bu bize taslamalary iň gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge, şeýle-de, ähli gerek bolan enjamlaşdyrylyşyň üpjünçiligini gönüden-göni amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Biz Türkmenistanyň bazaryna getirilýän we müşderileriň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrýan, olaryň abraýyny, bäsdeşlige ukyplylygyny we işiniň durnuklylygyny şertlendirýän gorag ulgamlarynyň köpdürliligini elmydama täzeläp durýarys.