• en
  • ru
  • tm

QMATIC

«QMATIC» – DÜNÝÄ DEREJELI HILI DOLANDYRMAK

30 ýyl mundan ozal esaslandyrylan Qmatic şereketi müşderilere berilýän hyzmatlaryň hilini dolandyrmak boýunça bazarda iň gowy çözgütleri hödür edýär. Onuň innowasion ulgamlary tutuş dünýäde döwlet edaralarynda, banklarda, dükanlarda, hassahanalarda we beýleki edaralarda ulanylýar. Qmatic şereketi müşderilere berilýän hyzmatlaryň hiliniň elmydama ýokary bolmagy üçin beýleki ekoulgamlar bilen hem amatly we ygtybarly integrirleme şlýuzlaryny hödür edýär.

Qmatic şereketi üçin, islendik müşderi mukdary bilen işleşmäge we täze bazarlary eýelemäge taýýar bolan pikirdeşleriniň bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin hem ol global derejede açyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurmaga çalyşýar. 120-den gowrak ýurtlarda şereket wekilhanalarynyň açylmagy munuň subutnamasy bolup durýar.

SONY DSC

Öz ulgamlaryny işläp taýýarlamaklyga we hyzmatdaşlygy gurnamaklyga bolan gurluşlaýyn çemeleşmäniň kömegi bilen Qmatic şereketi meňzeş pudaklarda üpjün edijiler we şereketler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, elmydama özara aragatnaşygyň netijeliligini artdyrmaga çalyşýar, innowasiýalaryň ýaýramagyna we öz müşderileri üçin olaryň maýa goýumlarynyň ödeýjiligini tizleşdirmäge ýardam edýär.

Qmatic şereketi bu gün, nobatlary dolandyrmak boýunça döwrebap ulgamlar bazarynyň iň iri we iň üstünlikli agzasy bolup durýar. Şereketiň öndürýän ulgamlary hyzmatlaryň hilini dolandyrmaga we işgärleriňiziň edaranyň her bir bölüminde müşderilere berýän hyzmatlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu hem, edaranyň düzüm çyyrymlylygyna we ölçeglerine garamazdan, tutuş edaranyň geriminde işi kadalaşdyrmakda ep-esli ýardam edýär.

Qmatic şereketi we onuň tilsimatlary hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.qmatic.com