2013-nji ýylyň noýabr aýy
MÜŞDERI

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili

MESELE

Birnäçe sebäpler üçin, Aşgabat şäheriň Halkara howa menziliniň wideo gözegçilik ulgamynyň guramaçylygy ulag merkezleriniň dürli ýerlerinde, dürli wagtda we dürli potratçylar tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Netijede, howa menziliniň territoriýasynda birnäçe biri-birine bagly bolmadyk wideo gözegçilik ulgamlary emele gelipdir. Bu ýagdaý hem howa menziliniň işgärleri, hem ýolagçylar üçin köp sanly kynçylyklary we oňaýsyzlyklary döredipdir. Aýrybaşgalanan ulgamlary integrirlemek zerurlygy howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylygy üçin mese-mälim bolup durýardy. Netijede, ulgamy kämilleşdirmek hakynda karar kabul edildi. Iş buýrujynyň esasy goýan meselesi – desgada ähli gurnalan wideo kameralardan gelýän maglumatlary esasy wideo gözegçilik postlaryna geçirmek mümkinçiligini üpjün etmek.

ÇÖZGÜT

Bäsleşige gatnaşan şereketler meseläniň dürli çözgütlerini hödür etdiler we olaryň käbiri, mysal üçin, öňünden gurnalan enjamlaryň tutuşlygyna sökülmegi we täze IP wideo gözegçilik ulgamynyň gurnalmagy, has köp maliýe çykdajylary talap edýärdi. «DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri tender üçin eýýäm bar bolan wideo gözegçilik ulgamlarynyň gurnalan enjamlaryny doly derejede ulanýan integrasiýa taslamasyny teklip etdiler. Bu taslamanyň nyrhyny düýpli derejede azaltdy (täze IP wideo gözegçilik ulgamlaryny gurnamak bilen deňeşdireniňde – 6-7 esse). Şeýle hem bolsa, maglumat geçiriş toruna rekorderleri baglamaklyk wideo we wideoarhiwlere bolan girişi birnäçe esse ýeňillederdi.

Desgada öňden ulanylan dürli öndürijileriň analog wideo ýazyjylaryny, bar bolan kameralardan gelýän wideo maglumatlary ýazyp, olary ýerli gorag postlaryna geçirýän, unifisirlenen Pinetron ýazyjylaryna çalşyrmak teklip edildi. Bu çözgüde laýyklykda, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, analog wideo kameralary IP kameralar bilen nokatly şekilde çalyşmak mümkindir.

NETIJE

Desgada öň gurulan optiki süýüm infragurluşynyň esasynda “Dogrulyk” şereketi tarapyndan howa menziliniň toplumyna girýän ähli binalaryň arasynda wideo maglumatlary geçirmek üçin direg torlary döredildi. Ýetmeýän kros bogunlar gurnaldy, howpsuzlyk ulgamynyň aýratyn bellenilen we elektrik energiýasy bilen üpjün edilen ýerli tory gurnaldy. Işjeň enjamlaşdyrylyşa we wideo gözegçilik enjamlaşdyrylyşyna berilýän agramy peseltmek üçin torda IP-Multicast tehnologiýasy amala aşyryldy.

Desgada öňden gurnalan onlarça dürli modelli analog wideo kameralary bir görnüşli DVR (Sifrleýin Wideo Ýazyjy) enjamlaryna baglandy. Bu ýazylyşyň ýokary tizligini we wideo arhiwleriň uzak möhletli saklanmagyny üpjün etdi. Rekorderler wideo maglumatlary tordan translýasiýasyny goldaýanlygynyň hasabyna ýerli toruň çägindäki operatiw we arhiw wideo maglumatlary görmäge mümkinçilik döredi.

Esasy möhüm ugurlar wideo maglumatlaryň hilini ýokarlandyrýan goşmaça AXIS IP kameralary bilen enjamlaşdyryldy. Dawaly ýagdaýlaryň döreme mümkinçiliginiň ýokary bolan ýerlerinde (m.ü. barlag edilýän ýerler), mikrofonlar gurnaldy – munuň özi, hadysalar derňelen ýagdaýynda ähli bolup geçen zatlary diňe görmäge däl-de, eýsem eşitmäge hem mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi wideo gözegçilik ulgamlaryny diňe gorag maksady bilen däl-de, eýsem tehnologiki maksatlar üçin ulanmaga-da mümkinçilik berdi.

Iş buýrujynyň goşmaça alan artykmaçlygy -wideo maglumatlary arhiwlerden köpeldip almak üçin sarp edilýän wagtyň esli derejede azaldylmagydyr. Täze gysma protokollarynyň kömegi bilen wideo maglumatlaryň göwrümleri 6-8 esse azaldy, wideo ýazyjylara bolsa toruň islendik ýerinden baglanyp bolýar. Netijede, wideo ýazgynyň bir sagadynyň ýüklenilmegi bary-ýogy 15 minut wagt talap edýär.