• en
  • ru
  • tm

WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMLARY

Видеонаблюдение-ост

Wideo gözegçilik ulgamlary – bu iri senagat kärhanalarynda, söwda merkezlerinde, şereket ofislerinde, şeýle hem siziň öýüňizde ýa-da şäheriň daşyndaky jaýyňyzda howpsuzlygy üpjün etmegiň iň amatly usulydyr.

Döwrebap enjamlaşdyrylyş goralýan desgalarda we olara ýanaşyk territoriýalarda hemişelik wizual gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hereket detektorlary, girişi dolandyrmak we gözegçilik etmek ulgamlary bolan wideo gözegçilik ulgamlarynyň integrasiýasy bolsa, desgalary rugsatsyz girişlerden goramaga mümkinçilik berýär.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň hödür edýän wideo gözegçilik ulgamlary şu aşakdakylary üpjün eder:
  • işgärleriň territoriýadaky hereketleriniň wideo gözegçiligi;
  • ogurlyklaryň we ähtimal emläk zyýanlaryň öňüni almak;
  • iş ýeriniň howpsuzlygynyň wideo gözegçiligi;
  • howpsuzlyk işgärleriniň sanynyň azaldylmagy;
  • internet torunyň üsti bilen önümçilik proseslerini uzakdan dolandyrmak. Girişi dolandyrmak ulgamy, signalizasiýa ulgamy, dispetçer arkaly merkezleşdirme ulgamy we ýangyn signalizasiýasy ulgamlary bilen integrasiýa mümkindir.
  • derňewlerde wideo ýazgylaryndan peýdalanmak mümkinçiligi.

Enjamlaşdyrylyşyň we onuň ýerleşdirilişiniň shemasynyň saýlanylyp alynmagy wideo gözegçilik ulgamynyň netijeli işlemeginiň iň bir möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Şeýle ýagdaýlarda bu ulgamlary döretmekde uly tejribesi we ýokary derejeli hünärmen taýýarlygy bolan hünärmenleriň maslahatlary hökmanydyr.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri tarapyndan senagat kärhanalarynyň desgalarynda, döwlet edaralarynda, söwda toplumlarynda, banklarda, saklawhana toplumlarynda, täjirçilik merkezlerinde giň möçberli wideo gözegçilik ulgamlaryny gurmaklykda ýeke-täk tejribe toplanyldy. Üstünligiň täri ýönekeýdir: dünýä öňdebaryjy öndürijileriň ýokary hilli enjamlaşdyrylyşy we gorag maksatly wideo gözegçilik ulgamyny gurnamakda ýokary hünärmenlik derejesi.

Zerur bolan bilime we hünärmen işgärlere eýe bolmak bilen biz siziň üçin wideo gözegçilik ulgamyny döretmek boýunça doly iş toplumyny gysga wagtyň içinde ýerine ýetireris we onuň işe ýarawlylygyny üpjün ederis.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]