2016-njy ýylyň mart aýy
MÜŞDERI

“HALK MARKET” dükany

MESELE
“Halk Market” dükanynyň täzeden abadanlaşdyrylýan wagty, dükanyň ýolbaşçylygy tutuş wideo gözegçilik ulgamyny hem täzelemäge karar berdi. Bu maksatly iki mesele goýuldy:
  • dükänyň işgärleriniň we müşderileriniň howpsuzlygyny we saglygyny üpjün etmek;
  • dükänyň söwda meýdanynyň gündelik işini netijeli dolandyrýan guraly döretmek.
ÇÖZGÜT

«DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri müşderi bilen ylalaşyk esasynda HIKVISION IP-kameralary esasynda gurnalan torly wideo gözegçilik ulgamynyň taslamasyny taýýarladylar we gurnadylar. Biziň teklip eden taslamamyz birden iki meseläni üstünlikli çözdi – dükänyň işgärleriniň we müşderileriniň hopwsuzlygyny üpjün etdi, şeýle hem täzelenen dükänyň işiniň wideo gözegçiligini onlaýn tertipde gurnady.

Wideo gözegçilik ulgamynyň düzümine 46 sany DS-2CD 2122F-I 2Mp, DS-2CD 2422F-I 2Mp и DS-2CD 2T22-I5 2Mp modelli HIKVISION torly kameralary girdi. Bu kameralarda ýokary görkezme derejeleri we güýçli funksionallary bardygy sebäpli, olar goýlan meseleler üçin doly derejede laýyk boldy. Tutuş ulgam IVMS-4200 meýilnama üpjünçiligi tarapyndan dolandyrylýar. Ol ulgamyň işiniň sazlamalaryny, şekiliň ýazylmagyny, onuň arhiwden çykarylmagyny we gözden geçirilmegini üpjün edýär.

NETIJE

Bu taslamanyň gyzykly aýratynlygy – wideo gözegçilik ulgamynyň dükänyň gaýtadan abadanlaşdyrma işiniň irki tapgyryndan işe girizilip başlanmagydyr. Şonuň üçin hem, ony abadanlaşdyrma işlerine gözegçilik etmek üçin hem ulandylar. Kameralar gurluşykçylaryň işiniň hiline, olaryň howpsuzlyk kadalaryny hem-de zähmeti goramak boýunça düzgünleri berjaý edişlerine gözegçilik etmek üçin uly mümkinçilikeri döredi. Abatlaýyş işleriniň dowamynda kameralaryň bir ýerden başga ýerlere geçirilmeginiň netijesinde geçirilýän işlere elmydama gözegçilik edilýärdi.

Abadanlaşdyrma işleri tamamlanandan we “Halk Market” doly kuwwatyna işläp başlandan soňra, ähli HIKVISION IP kameralary meýilnamada göz öňünde tutulan ýerlerde gurnaldy. Wideo gözegçilik ulgamy söwda meýdançasynyň ähli möhüm nokatlaryny (ýagny koridorlar, girişler we çykyşlar, kassa we ulag duralgasy) öz gözegçiliginiň astyna aldy. Dükänyň içinde DS-2CD 2122F-IS 2Mp modelli gümmezli HikVision kameralary oturdylandyr. Girişleriň gözegçiligini 2 megapikselli DS-2CD 2422F-I 2Mp modelli HikVision kameralary alyp barýar. Ulag duralgasynda we binanyň daşynda DS-2CD 2T22-I5 2Mp modelli torly, berkidilen we IG ýagtylandyryjyly HikVision kameralary ulanylýar.