• en
  • ru
  • tm

Gazanan üstünliklerimiz

DURMUŞA GEÇIRILEN TASLAMALAR

“HALK MARKET” DÜKANYNDA WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMYNYŇ TÄZELENMEGI

“HALK MARKET” DÜKANYNDA WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMYNYŇ TÄZELENMEGI Paýtagtymyzyň “15 ýyllyk garaşsyzlyk” Söwda merkezinde ýerleşýän “Halk Market” dükanynyň täzeden abadanlaşdyrylýan wagty, dükanyň ýolbaşçylygy tutuş wideo gözegçilik ulgamyny hem täzelemäge karar berdi. “DOGRULYK HJ” şereketiniň hünärmenleri döwrebap HIKVISION IP-kameralary esasynda gurlan torly wideo gözegçilik ulgamynyň taslamasyny taýýarlap, gurnama işlerini geçirdiler. Biziň teklip eden taslamamyz birden iki meseläni üstünlikli çözdi – dükänyň işgärleriniň we müşderileriniň howpsuzlygyny üpjün etdi, şeýle hem täzelenen dükänyň işiniň wideo gözegçiligini onlaýn tertipde gurnady.

Giňişleýin maglumat alyň
“DAÝHANBANK” BANKYNDA HOWPSUZLYK ULGAMYNYŇ GURNALMAGY

Türkmenistan Döwlet täjirçilik bankynyň ähli desgalarynda “DOGRULYK HJ” şereketiniň hünärmenleri tarapyndan HIKVISION enjamlarynyň esasynda döwrebap ulgamlar gurnaldy. Bu bankyň binasynyň we oňa ýanaşýan territoriýanyň gije-gündiz wideo gözegçiligini alyp barmaga, şeýle hem tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlary (bankomatlar) üçin ýerli wideo gözegçilik ulgamlary gurnaldy. Ulgamlaryň ählisi özara integrirlenip, bir bitewi merkezleşdirilen gözegçilik pultyna baglandy. Bu gün “Daýhanbank” bankynyň 100-den gowrak edarasy we 1000 golaý bankomatlary wideo gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.

Giňişleýin maglumat alyň
BALAM DÜKANLAR TOPLUMY ÜÇIN WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMY

Biziň müşderimiz bolan “BALAM” şereketine öz söwda we saklawhana ýerlerini goramak üçin ýokary hilli wideo gözegçilik ulgamlary zerur boldup durýardy. “DOGRULYK HJ” şereketiniň hünärmenleri öz içine IP-kameralary, torly wideo ýazyjylary (NVR) we monitoring merkezleri üçin hünärmen wideo panelleri alýan toplumlaýyn çözgüdi teklip etdiler. Öndürijileri jikme-jik derňewinden soňra müşderimiz HIKVISION şereketiniň önümlerini saýlady. Netijede, biz hünärmen, integrirlenen we merkezleşdirilen gözegçilik ulgamyny döretdik. Bu ulgam BALAM şereketine ýokary derejeli howpsuzlygy üpjün etmäge we töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berdi. Şereketiň işgärleri demonstrasiýa zalynyň işgärleriniň we müşderileriň hereketlerine gözegçilik etmäge, ýüze çykýan islendik hadysalara tiz wagtda jogap bermäge, şeýle hem ogurlyklar we kanuny bozmalar bilen bagly çykyp biläýjek töwekgelçilikleri ýok etmäge mümkinçilik gazandylar.

Giňişleýin maglumat alyň
“CNPC” ŞEREKETINIŇ EDARASYNYŇ HOWPSUZLYK ÜPJÜNÇILIGI

“CNPC” şereketiniň Aşgabatdaky edarasy Aşgabadyň demirgazyk-günbatar tarapynda, Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze döwrebap binadyr. Bina toplumy iki sany aýry-aýratynlykda duran üç gatly binalardan ybaratdyr. “CNPC” (ş. Aşgabat) şereketiniň edarasynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jaýlaryň meýilnama aýratynlyklaryny, adamlaryň hereketleriniň traýektoriýasyny, giriş zolaklaryň aýratynlyklaryny, lift hollaryny we ulag duralgalaryny göz öňünde tutýan wideo gözegçilik ulgamy işläp taýýarlanyldy. Goýlan meseleleri çözmek üçin “DOGRULYK HJ” tarapyndan müşderä AXIS enjamlarynyň esasynda düzülen toplumlaýyn çözgüt teklip edildi. Bu çözgüt gerek bolan howpsuzlyk derejesini gurnamaga we ulgamyň ýokary hilli işleýşini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Giňişleýin maglumat alyň
METALLURGIÝA ZAWODYNDA WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMYNYŇ GURNALMAGY

2014-nji ýylda zawodyň ýolbaşçylygyna geçen ýolbaşçylyk kärhananyň ösüşine uly goýumlar goýup, onuň önümçiliginiň gaýtadan dikeldilmegine we kämilleşdirilmegine geçdiler. Zawody döwrebap howpsuzlyk ulgamlary bilen üpjün etmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýardy. “DOGRULYK HJ” hünarmenleri müşderi bilen bilelikde ulgamy ösdürmegiň iki ugrundan – IP ýa-da analog – birini saýlamak üçin köp wagtlap pikirlendiler. Çünki çözgüt üpjün ediji tarapyndan mejbury ýagdaýda gurnalman, eýsem diňe müşderi bilen ylalaşyk esasynda kabul edilen bolmalydyr. Mundan başga-da, ulgam gerimini geljekde giňeltmek we gurnalan enjamlary täze enjamlaşdyrylyş bilen çalyşmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutmak zerurdy. Şereketimiz GEOVISION şereketiniň resmi hyzmatdaşy bolup durýanlygy üçin, bu şereketiň Türkmenistandaky resmi wekilhanasy bize öz barlamhanasyndan peýdalanmaga mümkinçilik bermek bilen, bu meseläni çözmekde uly ýardam berdiler.

Giňişleýin maglumat alyň
“GRAND TURKMEN” MYHMANHANASYNDA WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMY

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Grand Turkmen” myhmanhanasy elmydama öz müşderileriniň we işgärleriniň howpsuzlygy hakynda alada edýär. Şonuň üçin hem onuň ýolbaşçylygy häzirki wagt režiminde işleýän, maglumatlar arhiwiniň ygtybarly goraghanasy bolan döwrebap toplumlaýyn wideo gözegçilik ulgamyny döretmek boýunça karar kabul etdi. Bu meseläniň netijeli çözgüdi “DOGRULYK HJ” işgärlerinden, desganyň işleýiş aýratynlyklarynyň derňewine, iň gowşak taraplarynyň we ähtimal howplaryň anyklanylmagyna, ähtimal kriminal hereketleriň ssenariýasynyň düzülmegi hem-de olaryň öňüni almak üçin çäreleriň düzülmegine esaslanýan ulgamlaýyn çemeleşmäni talap etdi. Çözgütleriň we wideo gözegçilik enjamlarynyň üpjün edijisiniň saýlanylmagy hem uly ähmiýete eýe boldy. Biziň maslahatymyza görä, müşderi HIKVISION şereketiniň enjamlaryny saýlady. Bu enjamlar, howpsuzlyk talaplarynyň ählisine laýyk gelýär we hadysalaryň ýokary hilli gözegçiligini üpjün edýär.

Giňişleýin maglumat alyň
PTB “SENAGAT” BANKYNYŇ WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMYNYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI

Biziň müşderimiziň meselesi, gurnalan wideo gözegçilik ulgamynyň dürli öndürijileriň enjamlaşdyrylyşynyň we dolandyryjy MÜ esasynda taýýarlanylandygyndan ybaratdy. Bu onuň netijeliligini ep-esli dereje peseldýärdi we tehniki hyzmatlaryň nyrhyny artdyrýardy. “DOGRULYK HJ” inženerleri GEOVISION şereketiniň enjamlaryna esaslanan toplumlaýyn çözgüt teklip etdiler. Ilkinji ädim hökmünde merkezi serwer enjamlary çalyşdyrylyp, has güýçli 32 kanallyk GEOVISION IP wideo serwerleri baglandy. Soňra 45 sany gümmezli, binanyň içindäki we daşyndaky gözegçilik üçin niýetlenen ýokary hilli, GV FD220D modelli tor kameralary gurnaldy. Binanyň perimetriniň goragyny daşarky AXIS-P1355-E we AXIS-Q6045-E silindriki IP wideo kameralar üpjün etdi. Ulanylyş döwründe GEOVISION şereketiniň enjamlary öz ýokary önümliligini, netijeliligini we ykdysady taýdan amatlylygyny subut etdiler.

Giňişleýin maglumat alyň
AŞGABAT ŞÄHERINIŇ HALKARA HOWA MENZILINIŇ WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMLARYNYŇ TASALAMASYNYŇ TAÝÝARLANMAGY WE GURNALMAGY

Howa menzili esasy köpçülikleýin ýerleriň biri bolup, bu ýerde jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi aýratyn wajyplyk bilen ýüze çykýar, wideo gözegçilik ulgamyna bolsa aýratyn uly talaplar bildirilýär. Işimize başlan wagtymyz Aşgabat şäheriniň jowa menzilinde birnäçe biri-birinden garaşsyz, dürli arhitektura çözgütli we ýerleşişi taýdan aýrybaşgalanan wideo gözegçilik ulgamlary işleýärdi. Olary integrirlemek zerurlygy howa menziliniň ýolbaşçylygyna aýdyňdy. “DOGRULYK HJ” şereketiniň hünärmenleri tender üçin eýýäm bar bolan wideo gözegçilik ulgamlarynyň gurnalan enjamlaryny doly derejede ulanýan integrasiýa taslamasyny teklip etdiler. Bu taslamanyň nyrhyny düýpli derejede azaltdy (täze IP wideo gözegçilik ulgamlaryny gurnamak bilen deňeşdireniňde - 6-7 esse). Şeýle hem bolsa, maglumat geçiriş toruna rekorderleri baglamaklyk wideo we wideoarhiwlere bolan girişi birnäçe esse ýeňillederdi.

Giňişleýin maglumat alyň