2013-nji ýylyň awgust aýynyň 18-i
MÜŞDERI

«Grand Turkmen» myhmanhanasy, ş. Aşgabat

MESELE
  • Döwrebap toplumlaýyn wideo gözegçilik ulgamynyň taslamasyny taýýarlamak;
  • Häzirki wagtda ýokary hilli gözegçiligi we maglumatlar arhiwiniň saklama ygtybarlylygyny üpjün etmek.Häzirki wagtda ýokary hilli gözegçiligi we maglumatlar arhiwiniň saklama ygtybarlylygyny üpjün etmek.
ÇÖZGÜT

IP CCTV toplumlaýyn çözgüdiniň artykmaçlygy – onuň uniwersallygy we islendik pudakda ulanylmaga laýyklygydyr (myhmanhana işewürligi hem muňa degişli).

Wideo gözegçilik taslamasy taýýarlanylanda, DS-9632 NI-ST modelli, 330 Mbit/s geçirijilik güýji bolan, maglumatlaryň ýokary tizlikde geçirilmegini hem-de umuman ulgamyň ýokary hilli işlemegini üpjün edýän IP wideo ýazyjylary saýlanyldy. IP kameralary baglamak üçin her bir wideo ýazyjynyň 32 kanaly bolup, olar häzirki wagtda Full HD hilli wideo şekili görkezmäge mümkinçilik berýär. DS-96хх modelli IP wideo ýazyjylary şol bir wagtdyň özünde 4-х wideo akymlarynyň işlenilmegini hem-de tertip boýunça, hadysa boýunça, öňünden ýazyş we howsala režimi ýaly birnäçe wideo ýazyş režimini üpjün edýär.

NETIJE

Myhmanhananyň içindäki wideo gözegçilik ulgamy öz içine 38 sany DS-2CD2122F-I modelli, 30 kadr/s tizlikdeşäki Full HD hilli wideo akymyny üpjün edýän gümmezli IP kameralary alýar. Bu modelleriň esasy aýratynlygy olaryň içine gurnalan10 m uzaklykdan görüşli IG şöhlelendirmesi bolup, ol gije wagty we pes ýagtyldylýan jaýda hem wideo gözegçiligi alyp barmaga mümkinçilk berýär. Kamera hereketleri bellemek, döwüp açmalary, gadagan zolaklardan geçişi anyklamak ýaly dürli hadysalary işläp bilýär.

Myhmanhananyň giriş zolaklaryna we perimetrine DS-2CD2232-I5 modelli 11 sany silindriki köçe IP kameralary gözegçilik edýär. Olaryň tozana garşy we çyg geçirmeýän IP66 synp goragly daşlyklary mehaniki zeperlerden gorap bilýär. Kameralaryň bu modelleri Russiýanyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp, -40-dan +500 C çenli ýylylyk derejelerine çydamlydyr.