• en
  • ru
  • tm

ULAG DURALGALARYNY AWTOMATLAŞDYRMAK ÜÇIN ENJAMLAŞDYRYLYŞ

Оборудование для автоматизации парковки-0

Şäher ilatynyň köpelmegi we onuň maddy hal-ýagdaýynyň ösmegi awtoulaglaryň köpelmegine we duralga ýerleriniň ýetmezçiligine getirýär. Duralga ýerlerine bolan talabyň artýan şertlerinde, guramaçylyksyz awtoduralgalar ulag kollapsyna getirýär. Ulaglary duralgada goýmaklyk girdejili bir täjirçilik görnüşine öwrülýär. Döwlet, ýerli häkimiýet, şeýle-de hususy täjirçilik üçin awtoulaglaryň eýelerinden goşmaça ýygym we töleg almak üçin mümkinçilik döreýär.Увеличение количества населения в городах и рост его благосостояния способствует переполнению автотранспортом и нехватке стояночных мест. В условиях повышенного спроса на место парковки неорганизованные стоянки приводят к транспортному коллапсу. Парковка становится выгодным видом бизнеса. Для государства, муниципальной власти, а также частного бизнеса появляется возможность получения дополнительных сборов и платежей с владельцев автотранспорта.

«DOGRULYK HJ» şereketi CAME atly dünýä belli öndürijiniň enjamlaşdyrylyşynyň esasynda ulag duralgalarynyň işini dolulygyna awtomatlaşdyrmak boýunça taýýar çözgütleri hödür edýär. CAME markasynyň enjamlaşdyrylyşy – bu öňdebaryjy tilsimatlar, kemsiz hil, doly ygtybarlyk, ulanma ýeňilligi we berklikdir.

Biziň hünärmenlerimiziň islendik çylşyrymlylyk derejeli we göwrümli meseleleri çözmek üçin ýeterlik derejede tejribesi we bilimi bardyr. Biz hem kiçiräk ulag duralgalaryny awtomatlaşdyrmak üçin, hem duralga nawigasiýa ulgamy, girişi dolandyrmak ulgamy bilen integrasiýa etmek wideo anyklama we beýleki goşmaça mümkinçilikleri talap edýän iri desgalar üçin çylşyrymly tehnologiki çözgütleri hödür etmäge taýýardyrys.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň hödür edýän ulag duralgalaryny awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen ulgamlary döwrebap inženerçilik usullary bilen düzülýär we müşderiniň isleglerine ýeňillik bilen uýgunlaşýarlar, olar düşnükli we ulanmak üçin ýeňildirler. Müşderiniň islegine görä, biz, awtomatlaşdyrylan kassalar, giriş we çykyş söýegleri, ýolagçylar üçin hasaplaýjylar we el kassalary ýaly duralga enjamlarynyň islendik mukdaryny sazlap bilýäris. Mundan başga-da, ulgamy soňunda hem mukdar taýdan – täze geçiş nokatlaryny goşmak, hem hil taýdan -enjamlary has kämil enjamlaşdyrylyş bilen çalyşmak arkaly giňeldip bolar.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň ulag duralgalaryny awtomatlaşdyrmak boýunça hödürleýän toplumlaýyn çözgütleri şu aşakdakylary üpjün ederler:
  • ulaglaryň awtoulag duralgasyna girişleriniň we çykyşlarynyň gözegçiligini awtomatlaşdyrmak;
  • gysga wagtyň içinde ýangyn ojagyny ýüze çykarmak;
  • howpsuzlygy ýokarlandyrmak we duralgada ýagdaýyny doly gözegçilik astyna almak;
  • ulaglaryň girişinde we çykyşynda awtomatiki wideo identifikasiýa ulgamynyň kömegi bilen awtoulaglaryň ogurlanmalarynyň öňüni almak;
  • has ýokary hyzmat derejesini we duralganyň hyzmatlaryndan peýdalanma amatlylygyny üpjün etmek;
  • adamyň duralganyň işine gatnaşygyny azaltmak ýa-da düýbünden aýyrmak;
  • işgärleriň hyzmatlaryna çykarylýan çykdajylary azaltmak;
  • duralganyň eýeleri üçin doly statistiki maglumat almak;
  • duralga ulgamynda bolup geçýän hadysalara onlaýn ýagdaýda gözegçilik etmek.

Biz duralgalary ulanyjylar üçin amatly, duralga eýeleri üçin bolsa ykdysady taýdan bähbitli edýäris. Öz duralgaňyzy awtomatlaşdyrmak işini ygtybarly hyzmatdaşa ynanyň!

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]