2014-nji ýylyň noýabr aýy
MÜŞDERI

ÝPJ “Aşgabat Metallurgiýa zawody”, ş.Aşgabat

MESELE

ÝPJ “Aşgabat Metallurgiýa zawody” 2001-nji ýylda gurnaldy. Onuň ýolbaşçylygynyň öňünde duran esasy mesele – kärhanany döwrebap howpsuzlyk ulgamlary, hususan-da, wideo gözegçilik ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak bolup durýardy. Ilkinji tapgyrda, kärhananyň aýratyn wajyp zolaklarynda (perimetr we taýýar önümleriň saklawhanalary) wideo gözegçilik ulgamlaryny gurnamak gerekdi. Zawodyň ýolbaşçylygy geljekde kameralary beýleki önümçilik ýerlerde hem goýmaklygy meýilleşdirendikleri üçin, gurnalýan ulgam soňky az çykdajyly, az wagt talap edýän giňeldilme we kämilleşdirilme mümkinçiligini üpjün eder ýaly taýýarlanylmalydy.

ÇÖZGÜT

IP CCTV toplumlaýyn çözgüdiniň artykmaçlygy – onuň uniwersallygy we islendik pudakda ulanylmaga laýyklygydyr (myhmanhana işewürligi hem muňa degişli).

«DOGRULYK HJ» kärhanasynyň hünärmenleri goranma senagatynyň kärhanaysndaky howpsuzlyk ulgamlarynyň iň ýokary talaplary kanagatlandyryp bilmelidiginden ugur alyp, döwrebap IP wideo gözegçilik ulgamlaryny gurnamak paýhasly bolar diýen karara geldiler. Emma, artykmaçlyklaryna garamazdan hem, IP wideo gözegçiliginiň ony ulanmak mümkinçiliklerini çäklendirýän käbir ýetmezçilikleri hem bardyr. Ilki bilen, bular ýaly enjamlaşdyrylyş meňzeş enjamlaşdyrylyşlardan has gymmatdyr. Ikinjiden bolsa, IP kameralar ulanylanda maglumatlary geçirmek üçin arzan mis kabelleri ulanylýan bolsa, olaryň işjeň enjamlardan gurnalma uzaklygy 90 metr bilen çäklenilýär. Şonuň üçin hem, uly möçberli wideo gözegçilik ulgamlary gurnamaly ýagdaýda, enjamlary gurnamazdan öň direg ulgamlar gurnalýar (bu bolsa taslamanyň nyrhyny has hem artdyrýar). Netijede, IP wideo gözegçilik ulgamlarynyň dünýäde ýyldan-ýyla has meşhur bolup barýandygyna garamazdan, senagat kärhanalaryň köpüsinde henizem analog şekilli wideo gözegçilik enjamlary gurnalýar.

Iş buýrujy wideo gözegçilik ulgamynyň tapgyrlaýyn giňeldilmegini meýilleşdirendigi sebäpli, ilkibaşdan ulgamyň giňelme mümkinçiligi göz öňünde tutmalydy. Analog wideo gözegçilik ulgamynyň giňeldilmegi bolsa dürli kynçylyklara getirip bilerdi. Bu ýagdaýda ulgam başdan gurnalmaga degişli bolup, nyrh taýdan hem gymmat bolardy.

“Dogrulyk” HJ tehniki müdiri Ýerenkow Konstantin Ýewgenýewiç:
“Biziň hünärmenlerimiz müşderi bilen bilelikde ulgamy ösdürmegiň iki ugrundan – IP ýa-da analog – birini saýlamak üçin köp wagtlap pikirlendiler. Çünki çözgüt üpjün ediji tarapyndan mejbury ýagdaýda gurnalman, eýsem diňe müşderi bilen ylalaşyk esasynda kabul edilen bolmalydyr. Mundan başga-da, ulgam gerimini geljekde giňeltmek we gurnalan enjamlary täze enjamlaşdyrylyş bilen çalyşmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutmak zerurdy. Şereketimiz GEOVISION şereketiniň resmi hyzmatdaşy bolup durýanlygy üçin, bu şereketiň Türkmenistandaky resmi wekilhanasy bize öz barlamhanasyndan peýdalanmaga mümkinçilik bermek bilen, bu meseläni çözmekde uly ýardam berdiler.”

Kärhananyň territoriýasy derňelende, wideokameralaryň gurnalmagy meýilleşdirilýän ýerlerde, ýagny desgalaryň aralarynda eýýäm optiki baglanyşyklaryň geçirilenligi IP wideo gözegçiligi saýlamak üçin esasy faktor boldy. Bu direg ulgamlaryny gurnamak üçin ediljek çykdajylaryň öňüni aldy we taslamanyň nyrhyny peseltdi. Netijede, GEOVISION wideo gözegçilik enjamlaryny ulanmak karary kabul edildi. Bu karar diňe bir enjamyň ýokary hili bilen däl-de, eýsem, ulgam giňeldilende ýüze çykýan esasy meseläniň täze we öňden bar bolan enjamlaryň özära ylalaşyjylygy bolandygy bilen şertlendirildi. GEOVISION bazara täze enjamlaşdyrylyşy çykaranda, onuň özüniň öňki enjamlary bilen doly ylalaşýandygyny üpjün edýär. Bu bolsa, howpsuzlyk ulgamlaryny ýeňillik bilen giňeltmäge we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde hem, giňeltme we ösdürilme öňden gurnalan enjamlaryň sökülmegini ýa-da çalşyrylmagyny talap etmeýär.

NETIJE

Wideo gözegçilik ulgamy zawodda iki aýyň dowamynda gurnaldy. Ulgamyň düzümine termodaşlyklarda gurnalan, 1080×920 hil bilen reňkli şekilleriň geçirilmegini üpjün edip bilýän stasionar IP kameralary girdi. Wideo maglumatlaryň ýazylmagy 25 kadr/s tizlik bilen, maglumatlaryň arhiwde 30 günläp saklanylmagyny üpjün edýän ip-rekorderler (ýazyjylar) (Network video recorder) arkaly amala aşyrylýardy.

Wideo gözegçilik ulgamy ähli tamalary kanagatlandyrmaklygy başardy we bir ýyldan soňra «DOGRULYK HJ» şereketi zawodyň wideo gözegçilik ulgamynyň giňeldilmegi boýunça täze zakaz kabul etdi. Geljekde, ähli möhüm önümçilik ýerlerinde wideo gözegçilik enjamlarynyň gurnalmagy meýilleşdirilýär. Wideo gözegçilik diňe bir desganyň goragy üçin ulanylman, eýsem, ýokary howp bilen bagly wajyp tehnologiki amallara gözegçilik etmek üçin hem ulanylar.