“Dogrulyk” kompaniýasynyň “Cisco Select Certified Partner” derejesini alandygyny uly şatlyk bilen Size buşlaýarys.Şeýle derejäniň berilmegi orta we kiçi işewürligi pudagynda satuwlara gatnaşýan hyzmatdaşlyk kärhanalarynyň umumy hataryndan saýlanmagymyza ýardam edýär. Görkezilen şahadatnamanyň berilmegi “Dogrulyk” kompaniýasynyň hyzmatlaryna ýokary baha berilýändigini görkezýär.
Kompaniýamyzyň hünärmenleri hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäginde ýörite okuwlary geçmegi netijesinde önümler barada giňişleýin bilimlere we uly tehniki tejribä eýedirler. Olar Cisco ýaýlym çözgütleri boýunça pudakda iň bir öňdebaryjy çözgütleri size hödürläp bilerler, şol sanda Cisco önümlerini gurnamak, satmak we konfigurasiýasyny sazlamak boýunça hyzmatlary bererler. CiscoCertificate