2015-nji ýylyň ýanwar aýynyň14-i
MÜŞDERI

“CNPC” şereketiniň ş. Aşgabat CNPC-logo

MESELELER
  1. ofis zolaklarynyň we awtoduralgalaryň meýilnama aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan, tutuş iş zolagyny öz içine alýan güýçli wideo gözegçilik ulgamyny döretmek.
  2. Full HD hilli 114 sany IP kameraly, häzirki wagt režimli we 24/7 işleýän ýokary hilli gözegçiligi üpjün etmek.
  3. Ýeke-täk hünärmen torly klawiaturanyň üsti bilen ähli kameralary dolandyrmak.
ÇÖZGÜT

Ofisiň zerur derejeli howpsuzlygyny üpjün etmek üçin jaýlaryň meýilnama aýratynlyklaryny, adamlaryň hereketleriniň traýektoriýasyny, giriş zolaklaryň aýratynlyklaryny, lift hollaryny we ulag duralgalaryny göz öňünde tutýan wideo gözegçilik ulgamy işläp taýýarlanyldy. Goýlan meseleleri çözmek üçin «DOGRULYK HJ» tarapyndan müşderä AXIS enjamlarynyň esasynda düzülen toplumlaýyn çözgüt teklip edildi. Bu çözgüt gerek bolan howpsuzlyk derejesini gurnamaga we ulgamyň ýokary hilli işleýşini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

NETIJE

Ofisiň wideo gözegçilik ulgamy binanyň daşynda we içinde gözegçiligi amala aşyrýan IP kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulgam öz içine AXIS M-3005 modelli, ýokary hilli 2-х megapiksel sensorly, 30 kadr/s çenli tizlik bilen Full HD rugsatly wideo akymyny üpjün edip bilýän 85 sany gümmezli torly wideokameralary birikdirýär.

Binanyň perimetriniň we giriş zolagynyň goragyny daşky gözegçilik üçin niýetlenen AXIS-P1355-E we AXIS-Q6045-E modelli silindriki IP wideo kameralar üpjün edýär. Bu modelli kameralar daşarda gurnalmak üçin niýetlenen bolup, olaryň wagşyçylyga garşy IP66 ýokary gorag synply daşlyklary bardyr. Olaryň içine gurnalan ýyladajy bolsa, IP kameralaryň bu modelini -40-dan +500 C derejeli howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. IP kamera 30 kadr/s tizlikde 1920х1080 rugsady bilen wideo akymlyryny geçirýär.

Ulgamyň içine girýän ähli tor wideo kameralaryň PoE tehnologiýasy boýunça energiýa üpjünçiligi goşmaça energiýa çeşmelerine bolan zerurlygy aradan aýyrýar, ulgamyň energiýa harajatlaryny ep-esli derejede azaldýar.