2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Dogrulyk HJ wideogözegçiligiň hünär ulgamlary enjamlaryny öndürmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy “Axis Communications” kompaniýasynyň “Gold Partner” (Altyn Hyzmatdaş) derejesine mynasyp boldy.

Biz kompaniýamyzyň Türkmenistanda şular ýaly derejä mynasyp bolan birinji we ýeke-täk kompaniýadygyny guwanç bilen habar berýäris. Munuň özi Dogrulyk HK-niň Axis Communications önümleriniň we tehnologiýalarynyň esasynda gorag we daşlaşdyrylan wideogözegçiligiň ulgamlary üçin toplumlaýyn çözgütlerini üpjün ediji hökmünde kompaniýamyzyň ygtyýarlylyk derejesini tassyklaýar.

Dogrulyk HJ wideogözegçilik setlerini we telekommunikasiýa infrastrukturasyny gurmak boýunça öz işini güýçli depginlerde ösdürmegini dowam etdirýär, bu bolsa serwer çözgütleri, wideo-hasaba alyş toplumlary we maglumatlary saklaýyş ulgamlary bilen bilelikde müşderilerimize maglumat-tehnologiki toplumlary we ulgamlary gurmak boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny teklip etmäge mümkinçilik berýär

Hyzmatdaşymyz “Axis Communications” kompaniýasynyň “Gold Partner” derejesi biziň kompaniýamyzyň müşderilerimiz we hyzmatdaşlarymyz ýokary hil derejesinde gatnaşyklary ýola goýýandygyna, hünärmenlerimiziň ýokary tehniki bilim we hünär derejesine, şonuň ýaly-da Axis Communications önümleriniň we tehnologiýasynyň esasynda hyzmatlary we serwisi üpjün etmekde ýokary bilermenlik derejesine şaýatlyk eýär.