• en
  • ru
  • tm

GIRIŞI DOLANDYRMAK WE GÖZEGÇILIK ETMEK ULGAMLARY

СКУД

Girişi dolandyrmak we gözegçilik etmek ulgamy (GDGU) toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, hem ýönekeý özbaşdak ulgamlarynyň üsti bilen, hem çylşyrymly gurluşly tor ulgamlarynyň kömegi bilen durmuşa geçirilip bilner.

GDGU dürli ýerine ýetiriji enjamlary (gapylar, turniketler, tambur-gatlalary, derwezeler, şlagbaumlar, böwetler we ş.m.) dolandyrmaga, işgärleriň we gelýän adamlaryň kärhananyň territoriýasyna ýa-da aýratyn zolaklara, binanyň içindäki jaýlara girişini (çykyşlaryny), mundan başga-da ulaglaryň territoriýa boýunça ýa-da ulag duralgalaryndaky hereketlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Wideo gözegçilik serişdelerini, gorag we ýangyn signalizasiýasyny öz içinde birleşdirýän integrirlenen howpsuzlyk ulgamlary köplenç GDGU esasynda gurnalyp, bu desgada ýa-da binada howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edýär.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň GDGU-lary işläp taýýarlaýar we ýüzlerçe giriş nokatlary we müňlerçe ulanyjylary bolan hem iri desgalarda, hem kiçi binalarda gurnaýar. Munuň üçin biz dünýä öňdebaryjy öndürijileriň enjamlaryny we iň gowy meýilnama üpjünçiligini ulanýarys.

Biziň hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan gözegçilik ulgamlary şu aşakdakylara mümkinçilik berýär:
  • işgärleriň territoriýadaky hereketlerine gözegçilik etmek;
  • işgärleriň desgalaryň dürli zolaklaryna we binalaryna girişini çäklendirýän rugsat toparlaryny kesgitlemek;
  • işgärleriň iş wagtynyň hasabatyny ýöretmek;
  • toparlar we aýry işgärler üçin giriş ygtyýarlyklarynyň tertibini bellemek;
  • kartyň eýesi hakyndaky maglumaty awtomatiki şekilde görkezmek;
  • howpsuzlyk işgärleriniň sanyny azaltmak;
  • ýitirilen magnit kartlaryň sanwanamasyny düzmek we olardan peýdalanmaga synanyşyklar ýüze çykan bagdaýynda ygtyýarlygy togtatmak;
  • geçiş wagty, duýduryş çeşmeleri hakynda giňişleýin hasabatlar düzmek;
  • kesgitlenilen hadysalar ýüze çykan ýagdaýynda duýduryş signallaryny bermek;
  • wideo gözegçilik ulgamy, signalizasiýa ulgamy, dispetçer arkaly merkezleşdirme ulgamy we ýangyn signalizasiýa ulgamlary bilen integrasiýa geçirmek.

Mundan başga-da, «DOGRULYK HJ» işgärleri size kesgitli bir desga üçin zerur bolan girişi dolandyrmak we gözegçilik serişdelerini dogry saýlamakda ýardam bererler. Biziň hünärmenlerimiziň bilimi we amaly tejribesi siziň gözegçilik ulgamyňyzyň ýokary hiliniň we netijeli işlemeginiň kepilidir!

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]