• en
  • ru
  • tm

QMATIC BILEN HYZMATDAŞLYK

Qmatic-1

Ýyldan-ýyla «DOGRULYK HJ» şereketi täze tilsimatlardan peýdalanmakda kämilleşýär. Biz ýene-de bir gezek bäsdeşlige ukyplydygymyzy subut etdik! Biziň şereketimiz Şwesiýanyň Q-MATIC şereketiniň resmi hyzmatdaşy bolup durýar (elektron nobatlar).

Qmatic şereketi eýýäm 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary gurnamak çygrynda dünýä lideri bolup, müşderileriň kanagatlylygyny ýokarlandyrmak üçin çözgütleri hödürleýär. Bu günki gün Qmatic ulgamlary dünýäniň 122 ýurdunda işleýär.

Qmatic – nobatlary dolandyrmak işinde ilkinji ädim ädip geçen şereket bolup, şu gün ol müşderilere berilýän hyzmatlaryň hilini dolandyrmak çygryndaky öňdebaryjy şereket bolup durýar. Onuň çözgütleri ýönekeý kassalardan başlap, uly hollar we hasaba alyş zolaklaryna çenli, şeýle hem birnäçe bogunlardan ybarat bolan merkezleşdirilen torlar ýaly köp ugurlary öz içine alýar. Siz öz zerurlyklaryňyza we maliýe býudžetiňize laýyklykda çözgütleri saýlap, soňra hem zerurlyk derejesine baglylykda goşmaça komponentleri goşup bilersiňiz.

Qmatic önümleri size hyzmatyňyzyň hilini ýokarlandyrmak bilen müşderiniň ýoluny çalt we üznüksiz etmäge mümkinçilik berer.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]