• en
  • ru
  • tm

HOWPSUZLYK ULGAMLARYNY DÖRETMEK

Виды деятельности_Системы безопасности-1

«DOGRULYK HJ» şereketi öz müşderilerine dünýä belli öňdebaryjy öndürijileriniň öndüren enjamlaşdyrylyşyň esasyndaky iň döwrebap howpsuzlyk ulgamlarynyň döredilmegini hödür edýär. Biz hem döwlet, hem hususy hem-de korporatiw müşderilerimiz üçin açaryny towlaýmaly edip tabşyrmak şerti bilen islendik çylşyrymlylyk derejeli integrirlenen gorag ulgamlaryny işläp taýýarlamak we gurnamak boýunça tutuş işler toplumyny ýerine ýetirýäris.

Biziň işgärlerimiziň ýokary derejeli hünärmen taýýarlagy we uly tejribesi, güýçli tehniki binýadymyz, şeýle hem gorag enjamlaşdyrylyşynyň iň gowy öndürijileri bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz bize dürli görnüşli howpsuzlyk ulgamlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi üç tapgyrda amala aşyrylýar:

1-ji tapgyr: desganyň howpsuzlyk ýagdaýynyň we onuň gatnaşýan işewürlik prosesleriniň derňewi (howpsuzlyk auditi).

2-nji tapgyr: hususy ulgam taslamasynyň taýýarlanylmagy:
  • müşderiniň bähbitlerine ýetirilip biljek ähtimal howplary anyklamak;
  • bu howplaryň durmuşa geçirilmeginiň ähtimal ssenariýalaryny işläp geçmek;
  • binanyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça konsepsiýalary işläp taýýarlamak;
  • howpsuzlyk ulgamyny gurnamaklygyň ýörelgelerini kesgitlemek;
  • goraga degişli ileri tutulýan funksiýalary, gurluşlary we mehanizmleri kesgitlemek;
  • howplaryň öňüni almak we ýaramaz netijeleri çäklendirmek boýunça çeşmeleri, güýçleri, serişdeleri we usullary kesgitlemek.

3-nji tapgyr: desganyň howpsuzlyk ýagdaýynyň we onuň gatnaşýan işewürlik prosesleriniň derňewi (howpsuzlyk auditi).

Siz «DOGRULYK HJ» şereketiniň hödür edýän howpsuzlyk ulgamlary barada has giňişleýin maglumatlary “Çözgütler” bölüminde tapyp bilersiňiz.

Mundan başga-da, biz şu aşakdaky işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirýäris: desganyň taslamadan öňki barlagy, ulgamyň taslamasynyň taýýarlanylmagy, enjamlaşdyrylyşyň we meýilnama üpjünçiliginiň gurnalmagy, ulgamyň düzüm bölekleriniň işe goýberilmegi we integrasiýasy, şeýle hem onuň ulanylyp başlandan soňky tehniki idegi. Hyzmatlarymyz bilen “Hyzmatlar” bölümine has giňişleýin tanyşyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

    SIZE MASLAHAT GEREKMI?

    Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.


    [recaptcha]