“Senagat” Paýdarlar Täjirçilik Banky
Banklaryň howpsuzlyk ulgamlaryna aýratyn uly talaplar bildirilendigi üçin, ulgamyň hili, netijeliligi we ulgamyň tizligi ýaly alamatlar şeýle desgalar üçin örän wajypdyr. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky müşderi tarapyndan goýlan meseleler we taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň aýratynlyklary nukdaýnazaryndan desganyň gyzykly mysaly bolup durýar.
- IP wideo gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi we giňeldilmegi;
- Aýry-aýratynlykda işleýän iki sany parallel ulgamy bir öndüriji tarapyndan hödürleýän toplumlaýyn çözgüt esasynda bir bitewi ulgama birleşdirmek;
- Maglumatlar arhiwiniň ygtybarly saklanmagyny üpjün etmek we häzirki wagtda wideo şekiliniň hilini ýokarlandyrmak.
Desgada başdan gurnalan wideo gözegçilik ulgamynyň dürli öndürijileriň enjamlaşdyrylyşynyň we dolandyryjy MÜ esasynda taýýarlanylandygyndan ybaratdy. Munuň bilen baglylykda tölegli ygtyýarnamalar mydama täzelenip durmalydy, ulgam giňeldilende we täze enjamlar baglananda belli bir kynçylyklar ýüze çykýardy. Goýlan meseleleri çözmek üçin müşderä GEOVISION enjamlarynyň esasynda toplumlaýyn çözgüt teklip edildi. GEOVISION enjamlarynyň hatary öz toplumlaýyn IP çözgütlerini hödür etmek bilen, dürli pudaklarda (şol sanda hem bankçylyk pudagynda) wideo gözegçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri berýär we tutuş ulgamyň zerur bolan işleýiş hilini üpjün edýär. Mundan başga-da, könelýän enjamlary kem-kemden has täze modeller bilen çalyşmaga mümkinçilik döredilýär.
Gurnalyşyň ilkinji tapgyrynda merkezi serwer enjamlary çalyşyp, has güýçli 32 kanallyk GEOVISION IP wideo serwerleri baglanyldy. Umumy göwrümi 96 TB (12*4Tb*2) bolan 12 disklik gurnalan saklawhanalar bolsa has uly göwrümli wideo arhiwini dörertmäge mümkinçilik berdi.
Öz synpynda 330 Mbit/s geçirijilik güýji bolan iň kuwwatly IP serwerler maglumatlaryň ýokary tizlik bilen geçirilmegini we ulgamyň işiniň tizligini üpjün edýärler. Olaryň kömegi bilen wideolar häzirki wagtda Full HD hil bilen berilýär. 36 sany kamera baglanan IP wideo serweriniň klasteriniň jemi önümliligi 890 Mbit/s deňdir. GEOVISION IP wideo serwerleri şol bir wagtdyň özünde 4-х wideo akymlarynyň işlenilmegini hem-de tertip boýunça, hadysa boýunça, öňünden ýazyş we howsala režimi ýaly birnäçe wideo ýazyş režimini üpjün edýär.
Bankyň wideo gözegçilik ulgamy hem içki, hem daşky IP kameralar bilen üpjün edilendir. Ulgam GV FD220D modelli, 30 kadr/s tizlikde Full HD hilli wideo akymlaryny geçirýän, ýokary hilli 2-х megapiksel sensorly 45 sany gümmezli kameralary özünde jemleýär. Gurnalan 20 metr uzaklykly IG şöhlelendirmäniň hem-de motorlaşdyrylan transfokatoryň (f = 3.3-10 mm, F1.2-2.5), şeýle-de IP kameranyň 96 dB çenli dinamiki çäginiň utgaşmasynyň jemi hem aýdyň ýagtylykda, hem pes ýagtylykda aýdyň şekil almaga mümkinçilik berýär.
Binanyň perimetriniň we giriş zolagynyň goragyny daşky gözegçilik üçin niýetlenen AXIS-P1355-E we AXIS-Q6045-E modelli silindriki IP wideo kameralar üpjün edýär. Bu modelli kameralar daşarda gurnalmak üçin niýetlenen bolup, olaryň wagşyçylyga garşy IP66 ýokary gorag synply daşlyklary bardyr. Olaryň içine gurnalan ýyladajy bolsa, IP kameralaryň bu modelini -40-dan +500 C derejeli howa şertlerinde ulanmaga mümkinçilik berýär. IP kamera 30 kadr/s tizlikde 1920х1080 rugsady bilen wideo akymlyryny geçirýär.
Ulgamyň içine girýän ähli tor wideo kameralaryň PoE tehnologiýasy boýunça energiýa üpjünçiligi goşmaça energiýa çeşmelerine bolan zerurlygy aradan aýyrýar, ulgamyň energiýa harajatlaryny ep-esli derejede azaldýar.