Köp ýyllyk iş tejribesine eýe bolmak we uly abraýdan peýdalanmak bilen, “Dogrulyk” hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 2017-nji ýylyň 27-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyga gönüden-göni gatnaşmaga hukuk aldy. Kompaniýanyň işgärleri tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň çäginde 5 müňden hem köp wideokameralary gurnamak we işe girizmek işleri amala aşyryldy, bu bolsa oýunlary üstünlikli we howpsuz geçirmek üçin örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, “Dogrulyk” kompaniýasynyň işgärleri ähli wideogözegçilik ulgamynyň işiniň ygtybarlygyny we durnuklylygyny üpjün etdiler.
Biziň kompaniýamyzyň adyndan Aziadanyň ähli gatnaşyjylaryna, aýratyn hem biziň ýurdumyzyň adyndan çykyş edýän türgenlere altyn medallary gazanmak ýolunda rowaçlyklary we üstünlikleri arzuw etmek isleýäris.