2017-nji ýylyň 23-28 ýanwary aralygynda “Dogrulyk” hojalyk jemgyýetiniň iki sany inženeri “Unix Education Center” (Sankt-Peterburg ş., Russiýa) “Hitachi” maglumatlary saklaýyş ulgamyny gurnamak we sazlamak boýunça kursy geçdi, bu barada halkara nusgaly degişli şahadatnamalar tassyklaýar. “Unix Education Center” maglumatlary işläp taýýarlama merkezleri üçin enjamlary, şol sanda kärhana derejesindäki maglumatlary saklaýyş ulgamynyň öňde baryjy dünýä ýüzündäki öndürijisi bolan “Unix Education Center” kompaniýasynyň GDA döwletlerindäki ýeke-täk ygtyýarlandyrylan okuw merkezi bolup durýar. IT-bazarynyň dünýä liderleriniň önümleri we tehnologiýalary boýunça maglumat tehnologiýasynyň dürli pudaklarynda hünärmenleri taýýarlamakda we sertifikatlaşdyrmakda ýöriteleşýän Russiýada önde baryjy kompaniýalaryň birindäki okuwy Guseýnow Kýamran we Gawrilow Alekseý üstünlikli geçdi. Hünärmenleriň ýokary hünär derejesi “Dogrulyk” hojalyk jemgyýetisyna müşderilerine (banklar, Ministrlikler, döwlet edaralar we beýleki guramalar) hyzmat ediş üpjünçiliginiň hilini gowulandyrmak boýunça strategiki maksatlaryny amala aşyrmaga we Türkmenistanda “Hitachi Data Systems” maglumatlary saklaýyş ulgamlarynyň ilkinji merkezleşdirilen hyzmat ediş merkeziniň açylyşyna taýýarlanmaga ýardam berer.