LAICE

LAICE – WIDEO GÖZEGÇILIK ULGAMLARY ÜÇIN HÜNÄRMEN ENJAMLAŞDYRYLYŞ

Koreýanyň LAICE Electronics şereketi gorag wideo gözegçilik ulgamlary üçin hünärmen çözgütlerini işläp taýýarlamak we öndürmek boýunça öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Ol 2004-nji ýylda Seulda, wideo signallary işlemek we ýapyk telewideniýe (CCTV) ulgamlary üçin wideo kameralary işläp taýýarlamak çygrynda uly tejribeleri bolan inženerler we hünärmenler tarapyndan esaslandyryldy.

LAICE şereketiniň işiniň esasy şygary: “Müşderileriniň rowaçlygy üçin iň gowy çözgütleri teklip edýän şereket”. Şonuň üçin hem, müşderileriniň isleglerinden ugur alyp, şereket iň gowy önümleri öndürmek, önümçiligiň hilini we hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin hiç hiçan tagallalaryny gaýgyrmaýar.

Iň döwrebap elektron komponentleriň, innowasion tilsimatlaryň we konstruktor çözgütleriniň ulanylmagy, önümiň hiliniň berk gözegçiligi, döwrebap owadan dizaýn – bularyň ählisi LAICE şereketine integrirlenen CCTV çözgütlerini üpjün edýän dünýä belli brendler bilen hyzmatdaşlyk gurmaga mümkinçilik beren esasy üstünlik düzüjileridir.

SONY DSC

LAICE enjamlarynyň nomenklaturasyna adaty gurluşly wideo kameralar, içki we daşky gözegçilik üçin niýetlenen gümmezli kameralar, IG yşyklandyryjyly silindriki kameralar, gümmezli ýokary tizlikli kameralar girýär. Mundan başga-da, şereket LED monitorlary we aksesuarlary öndürýär. Ýakyn wagtda şereket tygşytly synpa degişli sifrli ýazyjylaryň, HD-SDI (SMPTE292M prtotokolynyň goldawy) ýokary şekil hilli wideo kameralar tapgyrlarynyň, şeýle-de, ulanylýan enjamlaşrylyşynyň häsiýetlerine we funksional mümkinçiliklerine uly talaplaryň bildirilýän wideo ulgamlary üçin hünärmen ýazyjylaryň (rekorderleriň) köpçülikleýin önümçiligine başlar.

LAICE şereketi, onuň önümleri we tilsimatlary hakynda has giňişleýin maglumat almak üçin: https://laice.su/