Geovision
Geovision şereketi 1998-nji ýylda Jorj Taýyň ýolbaşçylygynda esaslandyryldy. Şereketiň esasy ofisi Taýwanda ýerleşip, onuň şahamçalary Amerikada, Ýaponiýada we Çehiýada ýerleşýär. GeoVision brendi ýokary tilsimatlaryň halkara bazarynda öňdebaryjylaryň biridir. Integrirlenen akylly wideo gözegçilik ulgamlary, söwda we senagat kärhanalary üçin hünärmen çözgütler, gorag toplumlary, ýokary hilli meýilnama üpjünçiligi we beýleki ençeme Geovision önümleri tutuş dünýäde giňişleýin ulanylýar.
Şereket hem kiçi desgalar, hem merkezleşdirilen toplumlaýyn taslamalar üçin wideo gözegçilik bilen bagly meseleleri çözmeklige mümkinçilik berýän ýokary tehnologiki önümleri hödürleýär. Tutuş önüm hatary gurnalan wideo analitiki ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Şereketiň önümleri hemmetaraplaýyn synaglardan geçirilýär, olar ýeňillik bilen işledilýär we gurnalýar, bu bolsa şübhesiz artykmaçlyk bolup durýar. Apparat we meýilnama üpjünçiliginiň üznüksiz kämilleşdirimegi, şeýle-de, wideolary gysma tilsimaty GeoVision şereketine wideo gözegçilik bazaryndaky öňdebaryjy ornuny saklamaga mümkinçilik berýär.
- Sifrli wideo gözegçilik ulgamlarynyň 15 kb/s görkezijilik tizligi bolan tygşytly modellerden başlap, 400 kb/s görkezijilik tizligi bolan ýokary netijelikli modellere çenli giň dürlüligi;
- awtonom I/O modullaryna gurnalan BNC we D-Sub baglama usullaryny saýlamak mümkinçiligi;
- IP wideo gözegçilik;
- IT tilsimatlarynyň wideo gözegçilik ulgamlary bilen integrirlenmegi;
- Wideolary işläp, derňemek funksiýalary;
- POS (söwdanyň awtomatlaşdyrylmagy) goldawly sifrli wideo gözegçilik ulgamlary;
- Köp sanly desgalaryň ýokary hilli we operatiw gözegçiligini üpjün edýän CMS (Merkezleşdirilen Monitoring Stansiýasy);
- Awtoulag belgilerini tanamak ulgamy (LPR);
- Giriş gözegçiligi (GDGU)
- Her bir ulanyjy üçin hususy we iň oňaýly çözgüt üpjün edýän goşmaça enjamlaryň köpdürliligi.
Geovision şereketi we onuň tilsimatlary hakynda giňişleýin maglumat almak üçin: https://geovision.ru/