Biz, “Dogrulyk” kompaniýasy, wideogözegçilik, maglumatlary we hünärmen grafiki stansiýalary saklamak boýunça ulgamlaryň integratory (toplumlaýjy) hökmünde çykyş etmek bilen, “Axis Communications Silver Partner” tarapyndan dereje berlendigini uly guwanç bilen habar berýäris. Munuň özi biziň kompaniýamyzyň “Axis Communications” kompaniýasynyň önümleriniň we tehnologiýalarynyň esasynda sakçy we alysdan ulgamlaýyn wideogözegçiligi ulgamlary üçin toplumlaýyn çözgütleri üpjün ediji kompaniýa hökmünde doly mümkinçiliklere eýedigini we ygtyýarly bolup durýandygyny tassyklaýar. “Dogrulyk” kompaniýasy wideogözegçilik ulgamlarynyň we telekommunikasy infrastrukturasynyň gurluşygy boýunça öz iş çygryny barha giňeldýär, munuň özi serwer çözgütleri, wideo-hasaba alyş toplumlary we saklawhana ulgamlary bilen bilelikde biziň müşderilerimize maglumat-tehnologiki toplumlary we ulgamlary gurnamak boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny teklip etmäge mümkinçilik berýär. Müşderilerimize doly we iň oňaýly çözgütleri ýokary hünär derejesinde teklip etmek, kiçi we orta işewürligiň wekillerine ýokary hilli hyzmatlary we tehniki goldawy bermek “Dogrulyk” kompaniýasynyň ileri tutýan iş ugurlarynyň biri bolup durýar. “Axis Communications Silver Partner” kompaniýasynyň hyzmatdaşy hökmünde abraýy “Dogrulyk” kompaniýasynyň müşderleri we hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň ýokary hiline, ajaýyp tehniki bilimine we başarnyklaryna, “Axis Communications” kompaniýasynyň önümleriniň we tehnologiýalarynyň esasynda berilýän hyzmatlaryň we serwisleriň bilermenlik derejesine güwä geçýär.