Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky
- gurnalan ulgamlara uzakdan giriş gurnamak;
- bankyň pretenzion işini oňaýlaşdyrmak;
- merkezleşdirilen ýeke-täk gözegçilik pultyny gurnamak.
Bellenilen meseleleri çözmek üçin TDTB “Daýhanbank” HIKVISION şereketiniň enjamlaryny saýlady.
Ýeke-täk merkezleşdirilen pultyň üsti bilen bankyň binasynyň içinde we oňa ýanaşýan territoriýalarda, şeýle hem öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlarda (bankomatlar) wideo gözegçilik ýerine ýetirilip, tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.
Bu günki gün TDTB “Daýhanbank” howpsuzlyk ulgamy dolulygyna gurnaldy, bankyň binasynyň içinde we ýanaşýan territoriýalarda gözegçilik ýerine ýetirilýär, tehnologiki amallaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär.
Öz özüňe hyzmat bermek üçin enjamlarda (bankomatlar) ýerli wideo gözegçilik ulgamlarynyň gurnalmagy hem birinji nobatdaky meseleleriň biri bolup durýardy.
Ýeke-täk merkezleşdirilen gözegçilik pultuny döretmek meselesi, diňe bir öz-özüňe hyzmat bermek üçin enjamlary däl-de, eýsem, bankyň ofislerini hem umumy ulgama baglamak zerurlygy bilen ýüze çykdy. Häzirki wagtda, bankyň öz bölümleri (100-den gowrak osifleri) we bankomatlar (1000 golaý) hem wideo gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edildi.