BALAM iri dükanlar tory
BALAM şereketi çagalar üçin egin-eşikler we harytlar pudagynda Türkmenistanyň öňdebaryjy brendi bolup, öz söwda we saklawhana ýerleriniň goragy üçin HIKVISION wideo gözegçilik kameralaryny saýlady. Örän irnik ösüş meýilnamasyna eýe bolmak bilen, BALAM şereketi gorag ulgamyny, işgärleriň we müşderileriň howpsuzlygyny güýçlendirmekligi, önümliligi ýokarlandyrmagy we bina ygtyýarlandyrylan girişlerini dolandyrmaklygy meýilleşdirýär. Öndürijileriň jikme-jik derňewi geçirilenden soňra, BALAM şereketi HIKVISION enjamlaryny saýlady. «DOGRULYK HJ» şereketi öz içine IP-kameralary, torly wideo ýazyjylary (NVR) we monitoring merkezleri üçin hünärmen wideo panelleri alýan toplumlaýyn çözgüdi teklip etdi.
- dünýä belli öňdebaryjy öndürijiniň enjamlaşdyrylyşyny ulanmak bilen IP wideogözegçilik ulgamyny döretmek;
- söwda we saklawhana ýerleriniň goragyny üpjün etmek;
- işgärleriň iş ýerlerindäki howpsuzlygyny ýokarlandyrmak;
- şereketiň serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyny dolandyrmak;
- şereketiň işiniň ýokary derejeliligini goldamak.
Wideo gözegçilik ulgamlarynyň taslamasy taýýarlanylanda müşderi üçin ýokary derejeli goragy gazanmak we töwekgelçilikleri azaltmak örän möhümdi. Merkezleşdirilen gözegçilik demonstrasiýa zalynyň işgärleriniň we müşderileriň hereketlerine gözegçilik etmäge, ýüze çykýan islendik hadysalara tiz wagtda jogap bermäge, şeýle hem ogurlyklar we kanuny bozmalar bilen bagly çykyp biläýjek töwekgelçilikleri ýok etmäge mümkinçilik berdi.
Şereketiň işjeň ösüşiniň dowamynda döwrebap wideo gözegçilik ulgamy şereketiň işgärleri üçin howpsuz şertleri üpjün etmäge ýardam berdi. Ulgamyň gurnalmagynyň netijesinde işgärleriň işiniň netijeliligi 10% artdy, hyzmat beriji işgärleriň ýaramaz häsiýetlerine jaň arkaly edilýän şikaýatlaryň sany azaldy. HIKVISION enjamlary bilen işlemegiň artykmaçlygy – hyzmat derejesiniň ýokarlanmagy we wideo gözegçilik ulgamynyň ýokary hilli işlemegidir. BALAM şereketi üçin üpjün edilen HIKVISION enjamlaşdyrylyş 120-den gowrak IP kameralary, 7 wideoýazyjyny, şeýle hem wideogözegçilik ulgamynyň dolandyrylyşyny üpjün edýän gözegçilik merkezlerini öz içine alýar.