Hikvision
Hikvision – dünýäde wideo gözegçilik üçin taýýar çözgütleriň we enjamlaryň iň iri üpjün edijileriniň biridir. Onuň doly ady Hikvision Digital Technology Co., Ltd. bolup, baş edarasy Hançžou şäherinde (Hytaý) ýerleşýär. Hytaý önümleriniň pes hili hakyndaky köpçülikleýin pikirleriň tersine, bu şereket dünýäniň ýokary tilsimatlar bazarynyň meşhur oýunçysy bolup durýar.
Şereket 2001-nji ýylda esaslandyrylyp, 28 işgärli kiçi guramadan, 14500 işgärli we 5400 R&D inženerli global korporasiýa çenli ýoly geçdi. Onuň baş edarasy Hytaýda bolup, söwda wekilçilikleri Ýewropanyň 18 döwletinde, Aziýada we Amerikada hereket edýär. Hikvision şereketiň önümleri dünýäniň 100-den gowrak döwletinde giňden ulanylýar.
Hikvision, bazarlara ýokary hilli önümleri we hyzmatlary üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehniki innowasiýalary we täze pikirleri işjeňliginiň esasy hasaplaýar. Bularyň kömegi bilen brend wideo gözegçilik ulgamynyň birnäçe innowasion nesillerini hödür etmek bilen, 20 ýyllyk işiniň dowamynda öňdebaryjy orunlary eýelemegi başardy.
Hikvision önümleriniň arasynda analog wideo kameralary, IP wideo kameralary, gibrid DVR, NVR, özbaşdak DVR, sifrli wideo serwerleri, wideo alma platalary, ýokary tizlikli öwrülýän gümmezli kameralar bardyr. Hikvision öz önümçiliginde, wideo signallary işlemek üçin niýetlenen elektron böleklerini öndürýän Texas Instruments we Ambarella diýen öňdebaryjy tehnologiki şereketleriň üpjün edýän düzüm böleklerini ulanýar. Şereketiň torly çözgütleri Linux binýadyna esaslanýan şereketiň hut öz şahsy meýilnama üpjünçiligini ulanýar. Bu meýilnama üpjünçiligi häzirki wagtda ýokary hilli we uýgunlaşdyrylan bitreýtli wideo ýazgylaryny alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Güýçli taslama toparynyň, ýeke-täk önümleriň we innowasiýalaryň üznüksiz girizilmeginiň kömegi bilen, Hikvision soňky ýyllaryň dowamynda wideo gözegçilik we howpsuzlyk bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär we birnäçe ýylyň dowamynda, öz içine dünýä howpsuzlyk bazarynyň 50 sany iň öňdebaryjy şereketlerini alýan A&S Security 50 sanawyna girýär. IMS Research derňewleriniň netijeleri boýunça, 2012-nji we 2013-nji ýyllarda Hikvision wideo gözegçilik enjamlaşdyrylyşyny öndürmek boýunça dünýä birinjiligini, 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli bolsa DVR (Sifrli Wideo Ýazyjylar) öndürmek boýunça dünýä birinjiligini gazandy.
Hikvision şereketi we onuň tilsimatlary hakynda giňişleýin maglumat almak üçin: https://hikvision.ru/ sahypasyna geçiň