Cisco

CISCO – ÝOKARY TILSIMATLARYŇ LIDERI

CISCO – dünýäde adamlaryň aragatnaşygyny, gatnaşyklaryny we bilelikdäki işini üýtgedýän torly tilsimatlar çygrynda ýöriteleşýär iri şereketleriň biridir. Şereket 1984-nji ýylda Stenford uniwersitetiniň işgärler topary tarapyndan esaslandyrylyp, ilkinji önümini 1986-nji ýylda çykardy. Cisco şereketiniň baş ederasy San-Hose (Kaliforniýa), Amsterdam (Niderlandlar) we Bangalor (Indiýa) şäherlerinde ýerleşýär. Şereketiň 400-den gowrak ofisi bolup, işgärleriniň jemi sany 63 465 adama barabardyr.

Şereketiň işjeňliginiň ünsi şu aşakdaky bäş esasy tehnologiki ugra gönükdirilendir:

  • magistral marşrutizasiýa, kommutirleme we hyzmatlar;
  • bilelikdäki iş üçin çözgütler;
  • maglumatlary işleýän merkezleriň wirtuallaşdyrylmagy we bulut hasaplamalary;
  • wideo tilsimatlar;
  • telekeçiligiň transformasiýasy üçin arhitektura.
2013-nji maliýe ýylynda şereketiň arassa satyş göwrümi 48,5 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Cisco_5

Cisco çözgütleri maşyn gurlyşygy, metallurgiýa we nebit-gaz önümçiligi, gurluşyk we gozgalmaýan emläk, ownuk satuw, banklar we başga pudaklarda ulanylýar.

Cisco şereketi we onuň tilsimatlary hakynda giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.cisco.com/c/ru_ru/index.html sahypasyna geçiň