• en
  • ru
  • tm

SESLI HABAR BERIŞ ULGAMLARY

Системы звукового оповещения

Adatça, islendik sesli habar beriş ulgamy fon sazynyp we gulluk habarnamalarynyň translýasiýasy ýaly gündelik ulanylyş maksatlary üçin niýetlenip taýýarlanylýar, adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykýan wagtynda bolsa, adamlara öňünden kesgitlenilen algoritm boýunça awtomatiki ýagdaýda we doly derejeli ilkinjilik bilen sesli ýa-da gürleýişli habarnamalar ýetirilýär. Emma umumylykda, bular ýaly ulgamlaryň funksional mümkinçileri ýeterlik derejede ulydyr, we onuň düzümine laýyklykda beýleki meseleleri hem çözüp bilýar.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň diwarlara we potoloklara berkidilýän akustiki ulgamlar, oýulyp oturdylýan sesli habar beriş ulgamlary, gepleýiş arkaly habar beriş ulgamlary ýaly dürli çözgütleri hödür edýär. Biziň hünärmenlerimiz hususy talaplaryňyza we jaýlaryň mümkinçiliklerine laýyk gelýän iň amatly enjamlaşdyrylyş toplumlaryny hödür ederler. Biziň edýän tekliplerimiz hem baha, hem hil taýdan örän amatlydyr, “açaryny towlaýmaly edip tabşyrmak” şerti bilen berilýän enjamlaşdyrylyşy çalt we ýokary hilli gurnap, işgärleriňiz üçin bu enjamlary işletmek boýunça tejribelik okuwy geçireris. Mundan başga-da, biz ulgamyňyzyň hem kepillik, hem kepillik möhletinden soňraky döwür üçin tehniki idegini üpjün etmäge taýýardyrys.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň sesli habar beriş ulgamlary aşakdakylary üpjün ederler:
  • adatdan daşary ýagdaýlarda awtomatiki habar beriş mümkinçiligi;
  • ses habarnamalary ýa-da fon sazy ahli otaglara ýa-da saýlanan zolaklara ýetirmek mümkinçiligi;
  • her bir zolakda ses güýçlüligini aýratynlykda sazlamak;
  • ýangyn signalizasiýasyna baglanmak.
Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.