• en
  • ru
  • tm

QMATIC ELEKTRON NOBAT ULGAMLARY

Business people standing in queue over white background

QMATIC elektron nobat ulgamlary – bu dürli görnüşli guramalarda müşderilere berilýän hyzmatlary oňaýlaşdrymak boýunça çylşyrymly meseleleriň ýönekeý çözgüdidir. Bular ýaly ulgamlar, müşderilerine berilýän hyzmatlarynyň hiline uly üns bilen garaýan şereketleriň arasynda barha meşhurlyk gazanýar. Bir tarapdan olar bu ulgamlary girizýän kärhanalaryň hut özlerinde nobatlary dolandyrmak we işgärleriň arasynda işleri paýalamak boýunça meseleleri çözýärler, beýleki tarapdan bolsa, müşderilere berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýarlar. Nobatlary dolandyrmak bilen, siz öz şereketiňizyň abraýyny artdyryp, işgärleriňiziň işini belli bir derejede ýeňilleşdirýärsiňiz.

«DOGRULYK HJ» şereketi QMATIC şereketiniň resmi hyzmatdaşy bolmak bilen, dünýä belli öňdebaryjy öndürijileriň enjamlarynyň esasynda “açaryny towlaýmaly edip tabşyrmak” şerti bilen, dürli çylyşyrymlylykdaky elektron nobat ulgamlaryny gurnamak boýunça çözgütleri teklip edýär.

Elektron nobat ulgamynyň minimal toplumyna şu aşakdakylar girýär:
  • maglumat kiosgy;
  • uly tablo;
  • meýilnama üpjünçiligi;
  • MÜ gurnalmagy we ilkinji sazlamasy;
  • Enjamlaryň kepilligi we 12 aýyň dowamynda MÜ goldawy.

Elektron nobat ulgamy nähili işleýär?
Hyzmat edilýän zalda müşderi sensorly terminalyň monitorynda özüni gyzyklandyrýan hyzmaty ýa-da bölümi saýlaýar we elektron nobatynda hasaba durýar. Hasaba alyş belgisi we kömekçi maglumat (hyzmat berilýän ýeri we wagty, takmynan garaşma wagty we ş.m.) görkezilen talony alyp, müşderi ýörite elektron nobat tablosunda görkeziljek hasap belgisi boýunça çagyrylmagyna garaşýar. Şol bir wagtyň özünde, müşderi nobatynyň gelmegine çenli galan takmynan wagty anyklap, bu wagty başga işler bilen meşgullanyp, amatly geçirip biler. Öz belgisini göreninden soňra ol esasy monitoryň ýüzünde görkezilen belgili operatoryň aýnasynyň ýa-da stolunyň ýanyna barýar. Şeýlelik bilen, müşderileriň akymyny dolandyrmak boýunça “Elektron nobat” ulgamy müşderileri tertipleşdirýär we paýlaşdyrýar, hyzmat berilýän zalda dyknyşygy we näbelliligi ýok edýär.

Elektron nobat ulgamynyň bähbitleri:

Siziň müşderileriňiz üçin:
  • müşderiler nobatda ýalňyşmaýar, ýeňillik bilen ugurlaryny kesgitleýär, ýalňyş nobata durmak ätimallygy pese düşürilýär;
  • guramaçylykly hyzmat garaşma wagtyny asuda we amatly geçirmeklige mümkinçilik berýär;
  • köp düzümli hyzmatlaryň algoritmlerini durmuşa geçirmeklik mümkinçiligi (birnäçe “aýnala” barmak we birnäçe yzygiderli hereketleri ýerine ýetirmek zerurlygy bilen).
Siziň işgärleriňiz üçin:
  • işgärleriň ünsi müşderileriň soraglary zerarly bölünmeýär we olar has netijeli işleýärler;
  • işgärler nobatda duran müşderileriň sanyny bilýänligi sebäpli öz işini meýilleşdirip bilýärler;
  • ofisde ýerine ýetirilýän işiň hili ýokarlanýar;
Siziň şereketiňiz üçin:
  • müşderileriňiziň öňünde şereketiň abraýy artdyrylýar;
  • talonlarda we monitorlarda siziň üçin möhüm bolan maglumatlary (hereketli setir, wideo maglumatlar, bildirişler, mahabatlar) ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär;
  • garaşmaly wagtynyň dowamynda müşderilere has köp haryt ýa-da hyzmat saýlamaga ýa-da satyn almaga mümkinçilik berýär;
  • ofisiň işini meýilleşdirmek we işgärleri höweslendirmek üçin gerek bolan, işgärleriň zähmetiniň önümliligi hakyndaky möhüm statistika maglumatlary üpjün edýär;
  • elektron nobat ulgamynyň gerimini düýpli maliýe çykdajylary sarp etmezden üýtgedip we dowamly täzeläp bolýar.

Elektron nobaty – bu örän ýeňildir!

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.