• en
  • ru
  • tm

Işe goýberme

Пусконаладка-2

Gurnalan enjamlary işe goýbermek taslamanyň täji bolup durýar we taslamada inženerleriň işiniň hiline we jogapkärçiligine ähli zat diýen ýaly baglydyr. «DOGRULYK HJ» şereketiniň hünärmenleri dürli çylşyrymlylyk derejeli howpsuzlyk ulgamlarynyň işe goýberilişini ýokary derejede amala aşyrýarlar. Enjamlaşdyrylyşy işe goýbermek boýunça işler köp ýyllaryň dowamynda dürli ulgamlaryň we enjamlaryň gurnalyşyny ýerine ýetirýän şereketimiz üçin aýrylmaz hyzmat bolup durýandyr.

Işe goýbermek boýunça işler ulgamyň umumy işleýşini barlamak we onuň her bir bölegini aýratynlykda synag etmek boýunça çäreleriň toplumydyr. Ulgamyň müşderiniň tehniki şertlerine we kadalaşdyryjy resminamalara laýyklygy hökmany ýagdaýda barlanylýar. Çylşyrymly ulgamlar gurnalandan soňra ulgamyň üstünlikli işledilmegine päsgel berip biljek birnäçe faktorlaryň ýüze çykyp bilýänligi sebäpli, ulgamy işe goýbermek boýunça işler «DOGRULYK HJ» şereketiniň diňe ygtyýarlandyrylan hünärmenleri tarapyndan geçirilip bilner.

Işe goýbermek boýunça işler toplumyna ilki bilen ulgamyň görkezýän iş parametrleriniň, öňünden geçirilen hasaplamalaryň dowamynda çykarylan, şeýle hem işletme kadalary we düzgünleri tarapyndan göz öňünde tutulan ululyklary bilen deňeşdirilmegi girýär.

Işe goýbermek boýunça işler şu görnüşde geçirilýär – işe başlamazdan öň ulgamy synagdan geçirmek maksady bilen ulgam hem boş, hem doly ýükli ýagdaýda işledilýär. Şeýle-de, ulgamyň iň möhüm bölekleriniň doly agramly ýa-da gaty howply ýagdaý şertlerindäki synagy geçirilýär. Mundan başga-da, biziň hünärmenlerimiň müşderiniň şereketiniň işgärleri üçin gurnalan howpsuzlyk ulgamlaryny işletmek boýunça tejribelik okuwlary geçirýärler.

Ulgamy işe goýbermek boýunça işler üstünlik bilen tamamlanandan we ulgam işe girizileninden soňra, müşderä ýerine ýetiriş we ulgamy işletmek boýunça resminamalar berilýär: iş taslamasy, işletmek we tehniki hyzmat etmek boýunça gollanmalar, tehniki gorag serişdeleriniň pasportlary we şahadatnamalary, käbelleriň markirlenme shemalary we ş.m.

«DOGRULYK HJ» şereketiniň ähli ygtyýarlanamalary bar bolup, şereketimiziň işe goýbermek boýunça ýerine ýetiren işlerinden soňra howpsuzlyk ulgamyndan peýdalanmak üçin degişli rugsat hatlaryny taýýarlamaga hem ygtyýarygy bardyr. Mundan başga-da, biz ulgamyň howpsuz we doly ygtyýarly ulanylyşy üçin gerek bolan ähli resminamalary taýýarlap bereris.

Kabul ediş synaglary geçirilip, ýerine ýetirilen işler boýunça delilnama gol çekilenden soňra (müşderiniň islegine baglylykda), gurnalan howpsuzlyk ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek (reglament işleri, kepillik we kepillik möhletinden soňky işler) boýunça şertnama gol çekilýär.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.