• en
  • ru
  • tm

ÝANGYN WE GORAG SIGNALIZASIÝASY

ПОЖАРООХРАННАЯ СИГНАЛИЗАЦИЯ

Ýangyn we gorag signalizasiýa ulgamy tiz wagtda ýangyn ojagy barada habar almaga we howp barada sesli signal bermäge mümkinçilik berýän çylşyrymly tehniki serişdeler toplumy bolup durýar. Şeýle ulgamyň guramaçylyk çäreleri bilen bilelikdäki esasy maksady – adamlaryň janlaryny halas edip, emlägi saklamakdyr.

«DOGRULYK HJ» islendik çylşyrymlylyk derejeli we “açaryny towlaýmaly edip tabşyrmak” şerti bilen berilýän islendik desgalarda ýangyn signalizasiýany gurnamak boýunça ýangyn signalizasiýasyny işläp taýýarlamakdan we ony gurnamakdan başlap, ýangyna garşy ulgamlarynyň tehniki idegine çenli işler toplumynyň ählisini ýerine ýetirýär. Öz taslamalarymyzda biz GDA-nyň çäginde howpsuzlyk ulgamlarynyň çygrynda Türkmenistanyň ýangyn goragy Gullugy tarapyndan ýeke-täk ygtyýarlandyrylan “RUBEŽ” we “Bolid” diýen iň öňdebaryjy Russiýa öndürijileriniň iň ygtybarly enjamlaryndan peýdalanýarys.

Biziň hünärmenlerimiziň işläp taýýarlan we gurnan ulgamlary, ýangyn alamatlaryny öz wagtynda anyklamak maksady bilen desganyň gözegçiligini awtomatiki usulda amala aşyrýan we ýangyn söndürme ulgamlaryny hem-de beýleki inžener enjamlaryny özbaşdak işledýärler. Şol bir wagtyň özünde sirena, yşykly yşaratlar, gerek bolan halatynda-da sesli habar berijiler ýaly gurnalan habar beriş we translýasiýa enjamlaryň ýardamy bilen ýangyn hakynda ýerli duýduryş amala aşyrylýar. Tehniki çäreleriň bular ýaly toplumy ýangynyň ýetirip biljek zyýanlaryny düýpli derejede azaltmaga mümkinçilik berýär.

«DOGRULYK HJ» hödürlýän ýangyn we gorag signalizasiýasy iň döwrebap talaplara laýyk gelip, aşakdakylary üpjün edýär:
  • desganyň gije-gündiz gözegçiligini alyp barmak;
  • ýangyny iň gysga wagtyň içinde ýüze çykarmak;
  • ýangyn ojagynyň anyk ýerini ýüze çykarmak;
  • ulgamyň ygtybarlylygy we ýalňyşlyklaryň ýoklugy;
  • gurnama we ideg üçin çykdaýjylaryň peseldilmegi;
  • ykjamlyk – ulgam desganyň içinde az ýer tutýar;
  • ulgamyň çeýeligi – ulgamyň konfigurasiýasyny zerurlyklara baglylykda çalt üýtgedip bolýar.

Biziň hünärmenlerimiz goralýan desganyň kesgitli bir aýratynlyklaryny we müşderiniň maliýe ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen her bir müşderi üçin aýratynlykda iň amatly ýangyn we gorag signalizasiýa ulgamyny işläp taýýarlaýarlar. Siz, gerek bolmajak funksiýalar we tehniki gurluşlar üçin artykmaç tölemän, hut size gerek bolan zady alarsyňyz.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.