• en
  • ru
  • tm

OFIS ARAGATNAŞYGY, IP-TELEFONIÝA

ОФИСНАЯ СВЯЗЬ

IP telefoniýanyň esasy artykmaçlygy jaň nyrhlarynyň arzanladylmagydyr. IP-telefoniýanyň alyş-çalyş torlaryna çykmak mümkinçiligi adaty şäherara we halkara jaňlaryny iň pes nyrhlar boýunça amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap tilsimatlaryň kömegi bilen aragatnaşyk kanallarynyň geçirijilik mümkinçiligi köp esse artýar, bu bolsa ençeme müşderilere olardan bir wagtda netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, içki telefon aragatnaşygyny gurnamaklygyň adaty usullaryna (ofis ATS-niň üsti bilen) garanyňda, IP tilsimatlarynyň esasynda gurnalan içki telefon aragatnaşygynyň başga-da birnäçe artykmaçlyklary bardyr:
  • ýokary hilli aragatnaşyk;
  • ofisiň doly funksional telefon torunyň iň ýokary tizlikde ýaýbaňlandyrylmagy;
  • telefoniýa üçin goşmaça kabelleri geçirmek zerur bolman, ofis boýunça diňe kompýuter kabel çaprazlaýan gural ýeterlik bolup durýar;
  • her bir iş ýerini goşmaça rozetka bilen enjamlaşdyrmaga zerurlyk ýokdur – kompýuter we telefon üçin ýeke rozetka ýeterlik bolup durýar;
  • konferens baglanyşyk, sesli poçta bukjasy, awto jogab beriji we ş.m. goşmaça mugt mümkinçilikler döreýär;
  • aragatnaşyk çykdajylary 30-80% azalýar.

«DOGRULYK HJ» şereketi tilsimatlaryň täze nesli bolan, SIP protokollar esasynda gurnalan we siziň işjeňligiňiziň ofis we öýjükli aragatnaşyga bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyryp biljek IP telefoniýany gurnamak boýunça amatly çözgütleri hödür edýär.

Biziň çözgütlerimiz, döwrebap IP stansiýa we IP telefonlar binýadynyň esasynda bir binanyň içinde call manager hyzmatyny hem öz içinde alýan 1000 müşderini bir telefon toruna birikdirmäge, şeýle-de şereketiň ähli telefonlaryny, olaryň işde ýa-da şahamçalarda ýerleşişine, ykjam ýa-da öý telefon bolandygyna garamazdan, olary bir bitewi korporatiw toruna baglamaga mümkinçilik berýär.

Bu «DOGRULYK HJ» şereketiniň müşderilerine klassiki ofis ATS-ni ret etmäge mümkinçilik berip, telefon aragatnaşygyny gurnamak we oňa tehniki hyzmat etmek boýunça çykdajylaryň azaldylmagyny, gerimliligiň ýeňil sazlanylmagyny we işgärleriň ýokary mobilliginini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde bu çözgüdiň bahasy meňzeş ATS-iň satuw nyrhyndan pesdir, onuň gurnalmagy bolsa köp esse ýeňildir.

Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.