• en
  • ru
  • tm

Täze habarlar

“Macroscop” kompaniýa bilelikde seminar geçirildi

«Dogrulyk» kompaniýasy we hyzmatdaşy bolan rusiýanyň wideoyzarlamalary işläp düzme bilen işleşýän kompaniýasy bolan "Macroscop", ilkinji gezek bilelikde “IP-taslamalary”/ “Ulgamlaýyn wideoregistrator” diýen döwrebap mowzuk boýunça seminar geçirdiler.

Giňişleýin maglumat alyň
Macroscop-yň resmi hyzmatdaşy

Macroscop we «Dogrulyk» ylalaşyga gol çekdiler. Martyň aýynyň başyna “Dogrulyk” kompaniýasy Macroscop kompaniýasyny öz hyzmadaşlarynyň sanawyna goşmaklyk hakyndaky karara geldi. Gelinen karary uzaga goýman, “Dogrulyk” rusiýanyň innowasion kompaniýasy bolan Macroscop bilen hyzmatdaşlyk barada ylalasyk baglanşdy.

Giňişleýin maglumat alyň
Täze 2018 ýyl bilen

“Dogrulyk” kärhananyň işgärleri öz hyzmatdaşçylaryny we müşderilerini tüýs ýürekden ýetip gelýän Täze 2018 ýyl bilen gutlaýar!

Giňişleýin maglumat alyň
“Dogrulyk” kompaniýasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyga gatnaşdy

Köp ýyllyk iş tejribesine eýe bolmak we uly abraýdan peýdalanmak bilen, “Dogrulyk” hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabryndan 2017-nji ýylyň 27-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyga gönüden-göni gatnaşmaga hukuk aldy.

Giňişleýin maglumat alyň
Dogrulyk HJ “Axis Communications Silver Partner” derejesine eýe boldy

Biz, “Dogrulyk” kompaniýasy, wideogözegçilik, maglumatlary we hünärmen grafiki stansiýalary saklamak boýunça ulgamlaryň integratory (toplumlaýjy) hökmünde çykyş etmek bilen, “Axis Communications Silver Partner” tarapyndan dereje berlendigini uly guwanç bilen habar berýäris. Munuň özi biziň kompaniýamyzyň “Axis Communications” kompaniýasynyň önümleriniň we tehnologiýalarynyň esasynda sakçy we alysdan ulgamlaýyn wideogözegçiligi ulgamlary üçin toplumlaýyn çözgütleri üpjün ediji kompaniýa hökmünde doly mümkinçiliklere eýedigini we ygtyýarly bolup durýandygyny tassyklaýar.

Giňişleýin maglumat alyň
«Hitachi Data Systems» öwrenmek

2017-nji ýylyň 23-28 ýanwary aralygynda “Dogrulyk” hojalyk jemgyýetiniň iki sany inženeri “Unix Education Center” (Sankt-Peterburg ş., Russiýa) “Hitachi” maglumatlary saklaýyş ulgamyny gurnamak we sazlamak boýunça kursy geçdi, bu barada halkara nusgaly degişli şahadatnamalar tassyklaýar. “Unix Education Center” maglumatlary işläp taýýarlama merkezleri üçin enjamlary, şol sanda kärhana derejesindäki maglumatlary saklaýyş ulgamynyň öňde baryjy dünýä ýüzündäki öndürijisi bolan “Unix Education Center” kompaniýasynyň GDA döwletlerindäki ýeke-täk ygtyýarlandyrylan okuw merkezi bolup durýar.

Giňişleýin maglumat alyň
Täze 2017 ýyl bilen

“Dogrulyk” kärhananyň işgärleri öz hyzmatdaşçylaryny we müşderilerini tüýs ýürekden ýetip gelýän Täze 2017 ýyl bilen gutlaýar!

Giňişleýin maglumat alyň
TURKMENTEL-2016

2016-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde “Türkmentel-2016” atly telearagatnaşyk, telemetriýa, maglumat tilsimatlary we teleradioýaýlym enjamlaryň X Halkara sergisi üstünlikli geçirildi.

Giňişleýin maglumat alyň
Telekeçileriň halkara konferensiýasyna gatnaşmaklyk

2016-ny ýylyň aprel aýynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda (Türkmenbaşy ş.) telekeçileriň ilkinji halkara konferensiýasy bolup geçdi. Konferensiýa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalardan we maliýe institutlaryndan bilermenler, iri ýerli, şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň 30 ýurdundan şereketleriň ýolbaşçylary we ýokary derejeli dolandyryjylary gatnaşdylar. Bu giň gerimli forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda “Dogrulyk” HJ wekilleri hem bardy.

Giňişleýin maglumat alyň
QMATIC ŞEREKETINIŇ RESMI HYZMATDAŞY

Ýyldan-ýyla “Dogrulyk” şereketi täze tilsimatlardan peýdalanmakda kämilleşýär. Biz ýene-de bir gezek bäsdeşlige ukyplydygymyzy subut etdik! Biziň şereketimiz Şwesiýanyň Q-MATIC şereketiniň resmi hyzmatdaşy bolup durýar (elektron nobatlar).

Giňişleýin maglumat alyň