• en
  • ru
  • tm

HOWPSUZ ŞÄHER

Безопасный город-6

Şu günki günde her bir uly şäher – bu özara baglanyşykly, ulag, telekommunikasiýa, energiýa we suw üpjünçiligi, hukuk düzgüniniň goragy we başgalar ýaly dürli infragurluş bölümleriniň çylşyrymly ulgamydyr.

Bu şäher ulgamlarynyň ählisine degişli şekilde gözegçilik etmek we olary netijeli dolandyrmak üçin, dürli çeşmelerden gelýän maglumatlary öz wagtynda kabul etmäge, toplamaga we hemmetaraplaýyn derňemäge, şeýle hem ony operatiw şekilde ähli degişli gulluklara (şäher häkimligi, IIM, PÝGG we beýleki edaralar) geçirmäge mümkinçilik berip biljek toplumlaýyn çözgüt hökmany bolup durýar.

«DOGRULYK HJ» hut şeýle, “Howpsuz şäher” atly çözgüdi teklip edýär.

“Howpsuz şäher” – bu iň döwrebäp meýilnama we enjam serişdeleriniň, telekommunikasion tilsimatlaryň we maglumat derňeýiş çözgütleriň toplumy bolup, döwrebap şäheriň ilatynyň we infragurluşynyň hut häzirki wagtda howpsuzlygyny we wideo goragyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Biziň toplumymyz şäheriň köçelerinde howpzulygy üpjün etmek boýunça meseläni artykmaç wagt we serişde sarp etmezden çözmäge mümkinçilik berip, eýýäm işlap duran meňzeş ulgamlarynyň enjamlaryny çalyşmazdan integrasiýa etmäge rugsat berýär. «DOGRULYK HJ» öz çözgütlerinde ulanýan açyk standartlar esasyndaky platforma täze koderleri we kameralary gurnamak, şeýle hem howpsuzlygy we gözegçiligi güýçlendirmek üçin goşmaça intellektual tilsimatlary girizmek arkaly gelejekde funksional mümkinçilikleri has hem giňeltmäge mümkinçilik berýär. Göze ilýän üýtgeşmeleri dessine gazanmak üçin ilki bilen kiçi meselelerden başlap, soňra öňe – şäheriň we onuň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny güýçlendirmäge ymtylmaly.

“Howpsuz şäher” toplumynyň hut häzirki wagtda gözläp tapmak, gözegçilik we maglumatlary geçirmek boýunça ýokary derejede duýgur serişdeleri şu aşakdakylary üpjün eder:
  • raýatlaryň we emläkleriň netijeli goragyny;
  • şäheriň strategiki taýdan möhüm binalarynyň goragyny güýçlendirer;
  • şäheriň abraýyny we keşbini gowulandyrar;
  • adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykma howpy baradaky aktual maglumatlary şäheriň ilatyna bermekligiň we olary habardar etmekligiň tizliginiň ýokarlandyrylmagy;
  • antisosial hereketleriň we wandalizm edimleriniň bes edilmegi, munuň netijesinde hem, abatlaýyş we dikeldiş işlerine sarp edilýän çykdajylaryň azalmagy;
  • şäheriň desgalaryndan operatiw görnüşde maglumatlary almak we wideo arhiwlerine girmek;
  • takyk, ýokary hilli wideo şekilleriň kömegi bilen kanuny bozmalaryň derňewleriniň tizleşdirilmegi.
“Howpsuz şäher” ulgamynyň gözegçiliginiň umumy häsiýetli obýektleri:
  • ýaşaýyş toplumlary (jaýlaryň girişleri, howly meýdanlary);
  • jemgyýetçilik binalary, mekdepler we çagalar baglary;
  • senagat we iri söwda desgalary;
  • ulag infragurluşynyň desgalary (gatnalýan ýol, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalary, demir ýol menzili we howa menzilleri);
  • köpçülikleýin ýerler.
Has giňişleýin maglumatlary biziň iş dolandyryjylarymyzdan telefon arkaly alyp bilersiňiz: (+993 12) 93-67-77

SIZE MASLAHAT GEREKMI?

Maslahat soramak üçin öz öýjükli telefon belgiňizi ýa-da elektron salgyňyzy ýazyň.