• en
  • ru
  • tm

Axis

AXIS COMMUNICATIONS – TORLY WIDEO GÖZEGÇILIK BAZARYNYŇ LIDERI

Axis Communications AB – şwed şereketi bolup, ol torly kameralaryň we gözegçilik ulgamlarynyň hem önümçiligi hem-de satuwy bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda, Axis torly wideo gözegçilik bazarynyň öňdebaryjysydyr. Axis bazary yzarlaman, eýsem ony gönükdirýär. Biz bazardaky ýagdaýy düýbünden üýtgedip, elmydama liderlikde galýarys. Öz çygrymyzda öňdebaryjy şereket bolmak bilen, derňewlere, taslamalara we innowasiýalara aýatyn üns bermek bilen, biziň wezipämiziň bazaryň talaplaryny öňünden duýmak, olara mümkin boldugyça tiz jogap bermek we ähli amala aşyrýan işimizde iň ýokary hili gazanmak bolandygyna ynanýarys.

Axis şereketiniň iň esasy aýratynlygy nämede? Hödürleýän hilinde! Hil, derňewlerden we taslamalardan başlap, önümçilige çenli, ulanyşdan we möhleti tamamlanýan önümleriň utilizasiýasyna çenli, biziň nyrh kesgitleme zynjyrymyzda iň uly ýer eýeleýär.

Biz müşderilere iň ygtybarly, funksional we amatly çözgütleri hödür etmek bilen, durnuklylyga, howpsuzlyga we goraglylyga degişlilikde ýokary derejede berk standartlara eýerýäris we müşderilerimize berilýän hyzmatlarymyza hem şeýle ýokary talaplary bildirýäris. Axis şereketiniň ähli müşderilerine iň täze tilsimatlardan başlap, ünsli goldaw gullugyna çenli ähli ugurlarda iň ýokary hilli we ygtybarly hyzmatlar hödürlenilýär.

Axis-2

Axis şereketi has akylly, howpsuz we goragly dünýäni gurmaklyga gönükdirilen innowasion çözgütleriniň tarapdary bolup durýar. Şereketiň 1984-nji ýylda döredilen pursadyndan başlap, innowasiýalar biziň işjeňligimizde merkezi orny eýeleýär. Biz 20 ýyldan bäri torly wideo gözegçilik pudagynda işlemek bilen, bu pudakda, hem-de umuman IT pudagynda uly tejribe gazandyk. Bu tejribä şereketiň iň güýçli tarapy hökmünde seredýäris. Has akylly we howpsuz dünýäni gurmak üçin zerur bolan çözgütlere bildirilýän islegleriň barha ösýän şertlerinde biz has çylşyrymly önümleri işläp taýýarlaýarys, torly kameralarymyzyň ýagtylyk duýgurlygyny, dinamiki häsiýetlerini, reňk şekillendirme ukybyny we wideo şekiliň hilini yzygiderli kämilleşdirýäris. Mundan başga-da, biz ýylylyk görüji torly kameralaryň, 180 we 360 derejeli panorama görüşli torly kameralaryň tehnologiýalaryny kämilleşdirýäris.

Axis şereketi IP tilsimatlarynyň esasyndaky hünärmen gorag wideo gözegçilik serişdeleriniň giň köpdürliligini hödür edýär. Biziň gorag kameralarymyz, wideo koderlerimiz, goşmaça esbaplarymyz we giriş dolandyrylyşy üçin serişdeler açyk pudaklaýyn standartlaryň esasynda işlenilip taýýarlanylýar. Bu enjamlaryň hem Axis şereketi, hem biziň hyzmatdaşlarymyz tarapyndan taslanylan, wideo gözegçiligi dolandyrmak üçin niýetlenen meýilnama üpjünçiligi bilen integrirleme ýeňilligi toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamyny ýa-da gorag wideo gözegçiligini döretmäge mümkinçilik berýär.

Axis şereketi we onuň tilsimatlary hakynda giňişleýin maglumat almak üçin: www.axis.com/ru/ru sahypasyna geçiň