2016-ny ýylyň aprel aýynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda (Türkmenbaşy ş.) telekeçileriň ilkinji halkara konferensiýasy bolup geçdi. Konferensiýa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalardan we maliýe institutlaryndan bilermenler, iri ýerli, şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň 30 ýurdundan şereketleriň ýolbaşçylary we ýokary derejeli dolandyryjylary gatnaşdylar. Bu giň gerimli forumyň gatnaşyjylarynyň arasynda “Dogrulyk” HJ wekilleri hem bardy.   Konferensiýa potensial hyzmatdaşlary gözlemek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açmak üçin ýeke-täk görnüşli meýdança boldy.   Şeýlelik bilen, “Dogrulyk” HJ wekilleri öz Türkmenistanly we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary geçirip, bu duşuşyklaryň barşynda toplumlaýyn howpsuzlyk ulgamlaryny döretmek boýunça, häzirkizaman wideo gözegçilik we girişi dolandyrmak ulgamlaryna öňdebaryjy tilsimatlary (tehnologiýalary) girizmek boýunça tejribe alyşdylar we bu pudagyň soňky ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.   Biziň şereketimiziň hünärmenleriniň aragatnaşşyk we signalizasiýa ulgamlarynyň ulgamlaýyn integrasiýasy, şeýle hem QMATIC elektron nobat ulgamlaryny gurnamak gurşawlaryndaky işläp taýýarlan tilsimatlary hyzmatdaşlarymyzda örän uly gyzyklanma döretdi.   Hyzmatdaşlarymyz “Dogrulyk” HJ şereketiniň Türkmenistanyň içki bazarynda gazanan abraýyna, işgärleriniň hünärmenlik derejelerine, howpsuzlyk ulgamyndaky hususy çözgütlerimiziň we dürli ulgamlary bir bitewi topluma integrirlemek boýunça hödürleýän hyzmatlarymyzyň hiline we ygtybarlygyna ýokary baha berdiler.   Konferensiýa gatnaşmaklyk «Dogrulyk» HJ täze işewür gatnaşyklary gurnamaga, gorag enjamlaşdyrylyşynyň öňdebaryjy öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk esaslandyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny bellemeklige mümkinçilik berdi.