2016-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde “Türkmentel-2016” atly telearagatnaşyk, telemetriýa, maglumat tilsimatlary we teleradioýaýlym enjamlaryň X Halkara sergisi üstünlikli geçirildi. Serginiň ýokary guramaçylyk derejesini Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy üpjün etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilen Türkmentel 2016 maslahaty öz gezeginde ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň ösüşine şaýatlyk etmäge we bu ugurda dünýä öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmakda tejribe we pikir alyşmaga giň mümkinçilikler döretdi. “Türkmentel 2016” halkara maslahatyň resmi açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatiki wekilhanalarynyň, türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň, köpçülik habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen telekeçileri aragatnaşyk senagatynda giň görnüşli hyzmatlary hödürlemek bilen, ýokary tehnologiýalaryň Türkmenistandaky bazary giňeldýärler, aragatnaşyk we wideogözegçilik serişdelerini getirmekde göni getirme ugurlaryny açdylar. Şol sanda, “Dogrulyk” hojalyk jemgyýeti öz gezeginde hem, ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň ösüşine öz goşandyny goşýandygyny aýdyň görkezdi.